milli goshun logo
Yzgant şäherçesinde dabara geçirildi
Yzgant şäherçesinde dabara geçirildi
28.02.2020 2544 Harby özgertmeler

Gökdepe etrabynyň Yzgant şäherçesinde ýerleşýän Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky Medeniýet köşgünde «Türkmenistan – Bitaraplygyň mekany» diýip yglan edilen üstümizdäki ýylyň şygaryna bagyşlanan dabaraly çäre geçirildi. Oňa Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň dürli goşun görnüşleriniň harby gullukçylary we Berdimuhamet Annaýew adyndaky 1-nji Ýöriteleşdirilen harby mekdebiniň harby okuwçylary gatnaşdylar.

Medeniýet köşgüniň sahnasyna çykyş etmek üçin jemgyýetçilik guramalarynyň agzalary we hormatly ýaşulular çagyryldy. Olar Gahryman Arkadagymyzyň ýaşlar syýasatynyň netijesinde Türkmenistanda ýetginjekleriň döredijilik we ylmy ukyplaryny açmaga gerek bolan ähli şertleriň döredilendigini nygtadylar. Çykyş edenler merdana halkymyzyň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk, ynsanperwerlik ýaly ajaýyp häsiýetlerini özünde jemleýän nesilleri terbiýelemegi Watanymyzyň gülläp ösmeginiň örän zerur şertleriniň biri diýip bellediler.

Belli bolşy ýaly, üstümizdäki ýylda Türkmenistanda halkara derejede ykrar edilen Bitaraplyk statusynyň 25 ýyllygy bellenilýär. Geçirilen çäräniň möhüm bölegi ýurdumyzyň içerki we daşarky syýasatynyň esasynda goýulan ýörelgäniň asyl manysyny ýaş harby gullukçylarymyza düşündirmekden ybarat boldy.

Çärede diňe bir hormatly myhmanlar däl, eýsem, esgerler hem çykyş etdiler. Olar Bitaraplygyň ähli ýurtlar bilen dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmak üçin ajaýyp şertleri döredýändigini belläp geçdiler. Şol sanda olar üstümizdäki ýylda geçiriljek parahatçylyk, howpsuzlyk we ösüş meseleleri boýunça halkara maslahatynyň wajypdygy barada aýtdylar.

Soňra Medeniýet köşgüniň sahnasynda aýdym-sazly çykyşlar bilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýüniň «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň harby gullukçylary çykyş etdiler. Öz aýdymlarynda olar berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni hem-de hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzda ýetilen rowaçlyklary wasp etdiler.

 «Milli goşun».