milli goshun logo
Bitarap Türkmenistanyň parlament diplomatiýasyny ösdürmegiň wezipelerine garaldy
Bitarap Türkmenistanyň parlament diplomatiýasyny ösdürmegiň wezipelerine garaldy
30.10.2022 221 Habarlar

29-njy oktýabrda Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijelerine, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan meselelere bagyşlanan mejlisi geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary we agzalary, birnäçe düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli daşary syýasy strategiýasyna laýyklykda, parlament diplomatiýasynyň netijeli gurallaryny we usullaryny ösdürmäge, dostlukly ýurtlaryň degişli düzümleri bilen hyzmatdaşlygy netijeli alyp barmaga uly ähmiýet berilýär. Hormatly Arkadagymyz parlamentara gatnaşyklary ösdürmek boýunça täze başlangyçlary öňe sürmegiň, parlamentara dostluk toparlarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň zerurdygyny belläp, özara gatnaşyklaryň esasy ugurlaryny kesgitlemek, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň ugurlaryny artdyrmak, olary netijeli ulanmak meselelerine möhüm ähmiýet berilmelidigini nygtady.