milli goshun logo
Birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde geçiriljek çäreler
Birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde geçiriljek çäreler
11.08.2019 459 Habarlar | Bitaraplygyň mekany

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek Birinji Hazar ykdysady forumyň çäklerinde 11-nji awgustda meýilleşdirilýän çärelere badalga berildi.

Köpsanly gatnaşyjylar üçin Hazar sebitiniň iri kärhanalarynyň we kompaniýalarynyň «Halkara Hazar innowasion tehnologiýalar» atly sergisi açyldy.

Forumyň çäklerinde Azerbaýjan, Eýran, Gazagystan, Russiýa we Türkmenistanyň arasyndaky ykdysady gatnaşyklarynyň täze mümkinçiliklerine bagyşlanan dürli seminarlar we mejlisler geçiriler.

Foruma gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, hormatly Prezidentimiziň Hazarýaka döwletleriniň Baştutanlarynyň sammitlerinde öňe süren başlangyçlary netijesinde, biziň ýurdumyz sebitiň ykdysady kuwwatyny artdyrmak işine uly goşant goşdy. Hazar deňiziniň hukuklygy baradaky Konwensiýasyna gol çekileninden soň Birinji Hazar ykdysady forum sebit derejesinde we şol bir wagtyň özünde hususy telekeçiler üçin ykdysady gatnaşyklary berkitmek dogrusynda esasy başlangyç bolar.

«Milli goşun».