milli goshun logo
Binagärlik toplumlary ajaýyp Awazanyň gözelligini artdyrýar
Binagärlik toplumlary ajaýyp Awazanyň gözelligini artdyrýar
29.07.2019 598 Habarlar

27-nji iýulda Hazaryň kenaryndaky deňiz şypahana toplumynyň üsti täze bina — «Awazanyň ýalkymy» atly binagärlik toplumy bilen ýetirildi, onuň açylyş dabarasy köpöwüşginli uly baýramçylyga öwrüldi.

Täze desga Arkadag we Berkarar şaýollaryň çatrygynda “Jadyly kenar” oýun attraksionlar seýilgähiniň girelgesiniň ýanynda dikeldildi.

Binanyň merkezi bölegi tolkunlaryň üsti bilen ýüzüp barýan ýedi guwuň şekilinde bolup, ol kümüşsöw serişdeden taýýarlanyldy.

Binanyň umumy beýikligi 23 metr, özboluşly suw çüwdürimleri bilen gurşalan binýadynyň diametri bolsa 33 metrdir.