milli goshun logo
Bilelikdäki türkmen-awstriýa simfoniki orkestri onýyllygyny baýram edýär
Bilelikdäki türkmen-awstriýa simfoniki orkestri onýyllygyny baýram edýär
26.10.2019 404 Habarlar

25-nji oktýabrda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda «Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestriniň onýyllygy mynasybetli baýramçylyk konserti boldy. Türkmenistanyň we Awstriýanyň dostlugynyň hem-de hyzmatdaşlygynyň pugtalandyrylmagyna saldamly goşant goşýan bu orkestr diňe bir ikitaraplaýyn taslama däl, eýsem, medeni diplomatiýanyň hem özboluşly saz nusgasydyr.

Ýurdumyzyň Daşary işler ministrliginiň Medeniýet ministrligi we Awstriýa-Türkmen jemgyýeti bilen bilelikde guran bu baýramçylyk çäresiniň öňüsyrasynda Aşgabatda IV Wena baly geçirildi.

«Galkynyş» türkmen-awstriýa simfoniki orkestri sungat dünýäsindäki özboluşly nusgadyr. Ol ynsanperwer hyzmatdaşlygy we döwletimiziň Bitaraplyk derejesiniň ynsanperwer many-mazmunyny giňeltmek işiniň daşyna Türkmenistanyň we Awstriýanyň sazandalaryny jemlän orkestrdir.