Türkmenistanyň
Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde ýurdumyzda giňden
bellenilýän Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňiş baýramçylygy mynasybetli
harby gullukçylaryň döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda konsert geçirildi.
1941–1945-nji ýyllar urşunyň weteranlary, Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy
edaralarynyň ýolbaşçylary, harby weteranlar, serkerdeler, harby okuwçylar we
Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylary dabaranyň hormatly myhmanlary
boldular.
Dabaranyň öňüsyrasynda
myhmanlar Merkezi serkerdeler öýünde Beýik Watançylyk urşunda gahrymançylyk
görkezen ata-babalarymyzyň edermenliklerini şöhlelendirýän türkmen milli
sungaty bilen tanyşdylar.
Dabarada çykyş
edenler weteranlara uly hoşallyk bildirip, esasanam hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň mähriban atasy Berdimuhamet Annaýewiň edermenligini,
batyrlygyny aýratyn belläp geçdiler. «Ilhalar ynsan, ussat mugallym, gaýduwsyz
watançy ýaş nesillerimiz üçin nusgalyk mekdep bolup durýar» diýip, dabara
gatnaşyjylar nygtadylar.
Soňra sahnada
Milli Goşunymyzyň harby gullukçylarynyň döredijilik toparlary Beýik Watançylyk
urşuna bagyşlanan aýdymdyr sazlary, edebi-çeper kompozisiýalary ýerine
ýetirdiler. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar tarapyndan hormatly Belent
Serkerdebaşymyzyň adyna Ýüzlenme kabul edildi.
Dabaranyň tamamlanmagy bilen Merkezi serkerdeler öýünde Ýeňiş güni mynasybetli toý sadakasy berildi.
Dabaranyň fotosuratlaryny «Multimediýa» bölüminden görüp bilersiňiz!
«Milli goşun».