milli goshun logo
«Berkarar döwletiň bagtyýar Watan goragçylary»
«Berkarar döwletiň bagtyýar Watan goragçylary»
14.09.2019 1481 Harby özgertmeler

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli hem-de Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň çagyryş boýunça harby gullukçylaryň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we olaryň ukyp başarnyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen «Berkarar döwletiň bagtyýar Watan goragçylary» atly döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi.

Bäsleşigiň düzgünine laýyklykda, deslapky tapgyrlary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ähli harby bölümlerinde geçirilip, soňra garnizon derejesinde geçiriljek bäsleşige gatnaşyjylar saýlanyldy. Garnizon derejesinde geçiriljek bäsleşikde bolsa bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşjak garnizonyň ýygyndy toparlary düzüldi. 10-dan artyk bolmadyk esgerden ybarat bolan garnizonyň ýygyndy toparlary bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda 4 şert boýunça, ýagny çeper okaýyş; hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kitaplaryndan bir rowaýaty sahnalaşdyrmak; matal, ýaňyltmaç hem-de şorta söz aýtmak; test görnüşinde düzülen soraglara jogap bermek ýaly şertler boýunça bäsleşdiler.

Netije-de, bäsleşigiň umumy jemi boýunça Mary garnizonynyň ýygyndy topary 1-nji orna, Serdar garnizonynyň ýygyndy topary 2-nji orna, Aşgabat garnizonynyň we Türkmenabat garnizonynyň ýygyndy toparlary degişlilikde 3-nji orna mynasyp boldular. Ýeňijilere Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Magtymguly adyndaky ilkinji Ýaşlar guramasynyň Hormat hatlary hem-de gymmat bahaly sowgatlary gowşuryldy.

«Milli goşun».