milli goshun logo
Baýramyňyz gutly bolsun, merdana Watan goragçylary!
Baýramyňyz gutly bolsun, merdana Watan goragçylary!
27.01.2022 2964 Harby özgertmeler

Bu gün şanly sene – ýurdumyzyň asudalygynyň, parahatçylygynyň goragynda duran synmaz erkli, gujur-gaýratly merdana gerçeklerimiziň baýramy – Watan goragçylarynyň güni! «Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bellenilýän bu ajaýyp baýram bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň şahsy düzümini tüýs ýürekden mähirli gutlaýarys!

Mälim bolşy ýaly, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň baştutanlygynda Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Ýaragly Güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady has-da kämilleşdi. Harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş derejesi hem ýokarlandyryldy. Şeýle ajaýyp mümkinçilikleriň döredilmegi hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň Watanymyzyň asudalygynyň, döwletimiziň berkararlygynyň binýadyny berkitmek bilen mähriban halkymyzyň bagtly durmuşda ýaşamagy hakyndaky aladasynyň netijesidir. Goý, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň aýdyşy ýaly, «Ýaşasyn parahat durmuş!».

«Milli goşunyň» agzybir döredijilik topary bolup, Watan goragçylarynyň güni bilen hormatly Belent Serkerdebaşymyzy, milli goşunymyzyň edermenlerini tüýs ýürekden gutlaýarys! Watan goragçylaryna ýurt goragyndaky jogapkärçilikli gulluklarynda üstünlikleri arzuw edýäris! Goý, jan Watanymyz Türkmenistanda parahatlyk baýdagy belentde parlasyn!

«Milli goşun».