milli goshun logo
Balkanly uruş we tyl weteranlary Ýeňiş gününi toýladylar
Balkanly uruş we tyl weteranlary Ýeňiş gününi toýladylar
03.05.2020 2611 Harby özgertmeler

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «1941 – 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 75 ýyllygyna» ýubileý medaly bilen uruş we tyl weteranlaryny sylaglamak dabaralary Balkan welaýatynda hem ýaýbaňlandyryldy.

Urşuň ýalynly ýyllarynda alys ülkelerde dogduk Watanyny goran balkanly uruş weteranlarynyň birnäçesiniň orden-medaldan doly döşlerinden ýene-de bir medal orun tapdy. Bu olaryň uly mähir we alada bilen gurşalýandygyndan nyşan. Şeýle-de, ýubileý medallary olaryň ýanýoldaşlarynyň we tylda zähmet çekenleriň ýüzlerçesine gowşurylyp, olara baýramçylyk sowgatlary berildi. Bu dabaralar Balkan welaýat häkimligi we Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýerli edaralary tarapyndan guraldy.

Beýik Watançylyk urşunda geljekki nesilleriň bagtyýar durmuşy üçin şirin janyny gurban eden gerçeklerimiz, sag-aman ata Watanymyza dolanyp gelen we häzir hem aramyzda ýaşap ýören merdana uruş weteranlarymyz, urşa gidenleriň yzynda galyp, ojaklaryny gözleriniň göreji deýin saklan ak saçly enelerimiz, biziň üçin gahrymançylygyň, mertligiň, wepadarlygyň ölmez-ýitmez mekdebidir. Gahrymanlar hiç haçan ölmeýärler. Olaryň ady ebedi ýaşap, nesillere batyrlygyň, watansöýüjiligiň beýik nusgasyny peşgeş berýär. Biz ─ harby gullukçylar gahrymanlaryň öňünde baş egýäris!

«Milli goşun».