milli goshun logo
Aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi
Aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi
31.10.2019 1913 Harby özgertmeler

Şu gün Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi. «Aşgabat» teleýaýlymynyň «Zehiniň syry» atly gepleşigi tarapyndan ýazga geçirilen duşuşykda Merkezi serkerdeler öýüniň çagyryş boýunça harby gullukçy, «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň aýdymçysy Ýagşymyrat Annadurdyýew bilen aýratynlykda aýdym-saz sungatynyň dabaralanyşy dogrusynda söhbet edildi. «Merdana nesiller» aýdym-saz toparynyň orkestriniň sazandarlyk etmeginde zehinli esgeriň şirinden şirin aýdymlary diňlenildi.

Gepleşigiň alyp baryjysy Ýakup Kasymow harby gulluk bilen sungatyň sazlaşygy dogrusynda gyzykly soraglary berdi. Esger aýdymçy Ý.Annadurdyýew hem özüniň aýdym aýdyş ýoly, esasanda halk aýdymlaryny ýerine ýetirmek bilen Watan goragçylarynyň ruhuny galkyndyrmakda goşýan goşandy barada gürrüň berdi.

– Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy netijesinde harby gulluk bilen bir hatarda öz aýdymlarymyzy halkymyza ýetirmek babatda hem giň mümkinçilikler döredilýär. Biz harby gullukçylara şeýle ajaýyp mümkinçilikleri döredip berýän hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň jany sag, başy dik, tutýan tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin! – diýip zehinli aýdymçy esger Ý.Annadurdyýew sözüni jemledi.

Aýdym-sazly döredijilik duşuşygy Gahryman Arkadagymyzy wasp edýän ajaýyp aýdym bilen tamamlandy.

«Milli goşun».