milli goshun logo
Ätiýaçlykdan kabul edilen bölümler
Ätiýaçlykdan kabul edilen bölümler
13.06.2019 2862 Harby özgertmeler

13-nji iýun. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň buýrugy esasynda geçirilen harby okuw türgenleşigiň barşynda okuw maksatlary bilen ýaýbaňlandyrylan ätiýaçlykdaky harby borçlulary kabul etmek we olary taýýarlamak boýunça çäreler toplumy ýaýbaňlandyryldy.

Watanymyzy gaýduwsyz goraýjylar diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de Bitarap Türkmenistanyň durmuşa geçirýän parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatyna doly laýyk gelýän Harby doktrinada kesgitlenen ileri tutulýan wezipelerden ugur alyp, ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy, halkymyzyň abadan durmuşyny üpjün edýärler.

Ätiýaçlykdan kabul edilen bölünmeleriň söweşjeň sazlaşyk okuwlarynyň dowamynda taýýarlygy kämilleşdirmek boýunça başa-baş el söweşi we harby sport päsgelçilik zolagyndaky harby amaly hereketleri boýunça türgenleşikleri geçirildi. Ätiýaçlykdan kabul edilen bölünmeler öz türgenleşikleriniň dowamynda we ahyrynda Belent Serkerdebaşa şöhrat, «Türkmen edermen» şygarlary ýerine ýetirdiler we ata – Watanymyzyň, ene – topragymyzyň parahatlygy, asudaly üçin jan aýaman wepaly gulluk etjekleri barada dabaraly kasam etdiler.

Suratlara «Multimediýa» bölüminden syn edip bilersiňiz!

«Milli goşun».