milli goshun logo
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi geçirilýär
27.10.2022 434 Habarlar

26-njy oktýabrda Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2022» atly halkara maslahat we sergi öz işine başlady. Ol «Türkmengaz», «Türkmennebit» döwlet konsernleri, «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasy tarapyndan Türkmen milli nebitgaz kompaniýasy (NaPeCo), Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy, «Türkmen Forum» hojalyk jemgyýeti bilen hyzmatdaşlykda «Gaffney Cline» britan kompaniýasynyň goldaw bermeginde guraldy.

Daşary ýurt kompaniýalarynyň, iri halkara guramalaryň, banklaryň wekilleri maslahatlaşmalara sanly ulgam arkaly goşuldylar. Forum ýüzlerçe adamy, şol sanda daşary ýurtlaryň 45-e golaýyndan wekilleri bir ýere jemledi. Olar ýangyç-energetika toplumynda halkara, sebit we milli derejede senagatyň geljekki strategiýasyny kemala getirmäge bagyşlanan prezentasiýalar, dünýäniň nebit bazaryndaky işleriň ýagdaýy, bu ulgamda marketing strategiýalary baradaky seljeriş-syn maglumatlary bilen tanyşdyryldy.

Şu ýyl Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda eksponentleriň 40-dan gowragy, şolaryň hatarynda daşary ýurt kompaniýalarynyň 10-dan gowragy, hususan-da, Azerbaýjandan, Beýik Britaniýadan, Awstriýadan, Hytaýdan, Malaýziýadan, Birleşen Arap Emirliklerinden, Russiýadan, Singapurdan, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan, Türkiýeden, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiller diwarlyklaryny görkezdiler. Bu ýerde önümleri hem-de uglewodorod çig malyny gözläp tapmak, çykarmak, ibermek we saklamak ulgamyny üpjün etmek, çuň burawlamak, ozalky hereket edýän turba geçirijileri döwrebaplaşdyrmak, olaryň täzelerini gurmak, nebiti we gazy gaýtadan işlemek boýunça kuwwatlyklary artdyrmak, guýularyň önüm berijiligini köpeltmek babatda hyzmatlaryň giň gerimi görkezilýär.