milli goshun logo
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
Aşgabatda GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň mejlisi geçirildi
14.09.2019 377 Habarlar

13-nji sentýabrda paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Ykdysady geňeşiniň 83-nji mejlisi boldy.

Türkmenistanyň 2019-njy ýylda GDA başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň Meýilnamasyna laýyklykda guralan foruma GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň, Arkalaşyga—gatnaşyjy ýurtlaryň hökümetleriniň wekilleri, Azerbaýjan Respublikasynyň, Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyz Respublikasynyň, Moldowa Respublikasynyň, Russiýa Federasiýasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Türkmenistanyň, Özbegistan Respublikasynyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Ykdysady geňeşiň bu gezekki mejlisi 20 ýylyň dowamynda GDA-nyň çäklerinde kabul edilen ylalaşyklaryň, döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň we erkin söwda zolagyny döretmek hem-de onuň hereket etmegini ýola goýmak, beýleki durmuş-ykdysady hyzmatdaşlyk meseleleri hakynda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň çözgütleriniň ýerine ýetirilmegini şertlendirýär. Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerindäki däp bolan netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginde we pugtalandyrylmagynda eýeleýän ornuny nobatdaky gezek tassyklady.

Forumyň dowamynda döwletara söwda-ykdysady gatnaşyklaryň esasy ugurlary, şeýle hem Arkalaşyga agza ýurtlaryň arasynda özara peýdaly hyzmatdaşlygyň kadalaşdyryjy-hukuk binýadyny pugtalandyrmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.