milli goshun logo
Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy
Aşgabatda Eýran Yslam Respublikasynyň önümleriniň sergisi açyldy
16.02.2023 201 Habarlar

15-nji fewralda paýtagtymyzda Eýran Yslam Respublikasynyň ýöriteleşdirilen ykdysady sergisi öz işine başlady. Sergi ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasynyň ýardam bermeginde guraldy.

Şu gezekki gözden geçirilişe gatnaşmak üçin düzüminde 70-e golaý eýran kompaniýalarynyň we firmalarynyň agzalary bolan uly wekiliýet Aşgabada geldi. Şolaryň hatarynda dürli ugurlarda netijeli gatnaşyk etmegiň köpýyllyk tejribesine eýe bolan Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary, şeýle hem sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalar bar. Bu sergi olara ýurdumyzda öz önümlerini görkezmäge, türkmen kärdeşleri bilen bilelikde iş alyp barmak üçin mümkinçilikleri öwrenmäge başlangyç meýdança boldy.