milli goshun logo
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi
Aşgabatda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi
16.09.2022 488 Habarlar

15-nji sentýabrda paýtagtymyzda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Prezidenti, Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlyklyk etmeginde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХХIII maslahaty geçirildi.

Asylly däbe görä, Türkmenistanyň Garaşsyzlyk güni mynasybetli geçirilýän ählihalk baýramçylygy mynasybetli guralýan foruma dünýäniň dürli döwletlerinde kowçum bolup ýaşaýan türkmenleriň wekilleri, birleşigiň daşary ýurtly agzalary, şeýle-de ýurdumyzyň dürli künjeklerinden birleşigiň wekilleri gatnaşdylar. Paýtagtymyzyň “Mekan” köşgünde geçirilen bu forum Türkmenistanyň dünýäniň dürli ýurtlarynda kowçum bolup ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýygjam gatnaşyklary saklaýandygynyň we daşary ýurtlarda ýaşaýan ildeşlerimiziň Diýarymyzda geçirilýän iri forumlara işjeň gatnaşýandygynyň aýdyň beýanydyr.