milli goshun logo
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň tamamlanmagyna degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň tamamlanmagyna degişli wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy
04.12.2022 316 Habarlar

3-nji dekabrda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkezinde iş maslahatyny geçirdi. Onda bu iri merkeziň birinji tapgyrynyň tamamlanyp barýan gurluşyk işleriniň alnyp barlyşy ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de bu ugurda geljekde ýerine ýetirilmeli, öňde durýan wezipeler kesgitlenildi. Maslahata Milli Geňeşiň agzalary, ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we degişli jogapkär ýolbaşçylar çagyryldy.

Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň birinji tapgyrynyň gurluşygynyň tamamlanyp barýandygy bilen baglylykda, guramaçylyk wezipeleri, onuň açylyşyna taýýarlyk görlüşi ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de degişli ýolbaşçylaryň hasabatlary diňlenildi.

Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow ýol ugrunda Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşyk işleriniň barşyny synlady. Häzirki döwürde merkeziň birinji tapgyryndaky gurluşyk işleri tamamlanyp barýar.