milli goshun logo
2020-nji ýylyň ýazky gulluga çagyrylyş möwsümi golaýlaşýar
2020-nji ýylyň ýazky gulluga çagyrylyş möwsümi golaýlaşýar
18.03.2020 2793 Harby özgertmeler

Bilşimiz ýaly, 14-nji martda hormatly Belent Serkerdebaşymyz Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakyndaky Permana gol çekdi.

Watan goragçylarymyz bu habary uly höwes bilen garşyladylar. Nobatdaky çagyryş möwsüminiň golaýlaşmagy olaryň durmuşynda täze tapgyryň başlanmagyny aňladýar. Iki ýyl harby gullugy geçen çagyryş boýunça harby gullukçylar mukaddes öý-ojaklaryna dolanyp, harby gullugyň gymmatly tejribesini gündelik durmuşynda ulanarlar. Watana bolan mukaddes borjuny ýerine ýetirmek üçin harby gulluga çagyryljak ýaş raýatlarymyz bolsa, hakyky mertlik mekdebinden geçerler.

Harby wekillikler 2020-nji ýylyň ýazky möwsüminiň çagyrylyşyny ýokary guramaçylyk derejesinde geçirmek üçin işjeň taýýarlyk görýärler. Harby gulluga çagyryş we harby gullukdan ätiýaja boşatmak aprel-iýun aralygynda amala aşyrylar. Harby gulluga çagyrylmaly raýatlaryň lukmançylyk barlagy üçin ygtybarly tehnologik öndürijileriň döwrebap sanly lukmançylyk enjamlary ulanylar.

– Goşun gullugy adamy taplaýar, ony durmuşa taýýarlaýar. Bu ýerde islendik işde üstünlik gazanmak üçin tertip-düzgüniň we erjelligiň möhümdigine düşünýärsiň – diýip, harby gullukdan boşaýan kiçi seržant Resul Çaryýew gürrüň berýär.

– Harby gulluga çagyryşa öňünden taýynlyk gördüm – sport zalyna ýazyldym we sagat irden 06:00-da oýanyp başladym. Harby gullugyň gün tertibine görä hereket etmäge iki ýyl mundan ozal harby gullukdan boşan uly doganym kömekleşdi. Onuň goşun gullugyndan soň nähili kämilleşendigine göz ýetirip, Watan goragçysy bolmaga höwesim has-da artdy – diýip, harby gulluga çagyrylyşa degişli mekdep uçurymy Selim Ataýew gürrüň berýär.

«Milli goşun».