milli goshun logo
2019-njy ýylyň birinji çärýeginiň ykdysady görkezijileri
2019-njy ýylyň birinji çärýeginiň ykdysady görkezijileri
13.04.2019 626 Habarlar

12-nji aprelda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Statistika baradaky döwlet komitetiniň başlygy H.Gurbanow ýanwar — mart aýlarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ykdysady görkezijileri barada hasabat berdi.

Hususan-da, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, önümleriň dürli görnüşlerini öndürmegiň mukdarynyň artandygy bellenildi. Şunuň bilen bir hatarda, süýji-köke we şöhlat önümleriniň, unuň, çöregiň, çörek önümleriniň hem-de unaş önümleriniň önümçiliginde oňyn depgin saklandy.

Hasabat döwründe ulag-aragatnaşyk ulgamynda görkezijileriň ösüşi hasaba alyndy. Ýanwar — mart aýlarynda 2018-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, ulaglaryň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy 6,4 göterim, ýolagçy dolanyşygy 4 göterim artdy. Aragatnaşyk pudagynda ösüş 2,7 göterime deň boldy.

Oba hojalyk önümleriniň önümçiligi boýunça ösüş depgini 28,2 göterim derejesinde üpjün edildi.

Şeýle hem birinji çärýekde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz ulgamynda ösüş gazanyldy. Jemi öndürilen önümiň düzüminde onuň paýy 63,3 göterime barabar boldy.