milli goshun logo
Aşgabatda suw meseleleri boýunça sebit maslahaty geçiriler
Aşgabatda suw meseleleri boýunça sebit maslahaty geçiriler
14.12.2019 546 Habarlar

13-nji dekabrda geçirilen hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri R.Meredow 17-18-nji dekabrda Aşgabat şäherinde geçiriljek suw meseleleri boýunça sebit maslahatyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň binasynda geçiriljek foruma sebitiň ýurtlaryndan hem-de bu ulgamda ýöriteleşdirilen halkara guramalardan bilermenleriň hem-de daşky gurşawy goramak we howanyň üýtgemegi ýaly ulgamlardan hünärmenleriň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar.

Maslahatyň esasy maksady Merkezi Aziýada suw-energetika hyzmatdaşlygyny amala aşyrmak üçin BMG-niň utgaşdyrmagynda maksatlaýyn iş toparyny döretmek mümkinçiliklerine garamakdan, bu ugurda sebitiň döwletleriniň özara gatnaşyklarynyň gurallaryna, degişli şertnamalaýyn hukuk binýadyny ösdürmäge, innowasion suw tygşytlaýjy tehnologiýalary işjeň ulanmaga degişli meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanyň DIM-de 18-nji dekabrda BMG-niň Aral deňzi sebitiniň ýurtlary üçin Ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak boýunça köptaraplaýyn maslahatlaşmalar geçiriler.