milli goshun logo
Ýaşlar baýragynyň eýeleri
Ýaşlar baýragynyň eýeleri
16.11.2021 2588 Habarlar | Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyz: «Watansöýüji, giň düşünjeli, ynsanperwer, zähmetsöýer, maksada okgunly, belent ahlakly bagtyýar nesillerimiz ähli ukyp-başarnyklaryny eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine bagyş etmelidir» diýip belleýär. Şeýle uly ynama mynasyp bolan ýaşlarymyz, şol sanda Watan goragçylarymyz jan aýaman, gije-gündiz ýurt asudalygynyň goragynda sak durýarlar, belent hormata mynasyp bolýarlar. Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolanlaryň arasynda Ýaragly Güýçlerimiziň harby gullukçylarynyň – Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň harby gullukçylary – uly leýtenant Aýgözel Annamyradowa, leýtenant Atamyrat Berdiýew, harby talyplar Güýç Gökow we Amangeldi Berdiýew dagynyň bolmagy aýratyn buýsandyryjydyr.

– Bagtyň nämedigine hemmämiz oňat düşünýäris. Biz harby gullukçylar üçin bolsa «bagt» sözi bilen «Watan» sözi bir bolup eşidilýär. Çünki bagta eýlenen adamyň kalbynda hyjuw, ýüreginde joşgun bolýar. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň biz – Watan goragçylary üçin döredip berýän giň mümkinçilikleri şol bagtyň özeni bolup durýar – diýip, leýtenant Atamyrat Berdiýew ýürek buýsanjyny paýlaşdy.

Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».