Düýn – 31-nji
ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň durmuşyna degişli
birnäçe meselelere garaldy.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa söz berildi. Ol milli kanunçylygy mundan beýläk-de kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işler barada maglumat berdi. Bellenilişi ýaly, Mejlisde
ministrliklerden we pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan gelip gowuşýan
teklipler esasynda milli hem halkara tejribe öwrenilip, kazyýet edaralarynyň işini
kämilleşdirmek, raýatlaryň hukuklaryny, azatlyklaryny goramak, ykdysadyýetiň aýry-aýry
pudaklarynda amala aşyrylýan özgertmeleri hukuk taýdan düzgünleşdirmek, hereket
edýän käbir kanunçylyk namalaryna üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek
boýunça kanun taslamalary taýýarlanylýar.
Soňra Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary gözegçilik edýän ulgamlarynda alnyp barylýan işler barada hasabat berdiler.
Mejlisde döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.