Berkarar döwletiň täze eýýamynyň
Galkynyşy döwründe eziz Watanymyzda türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň
aýrylmaz bölegi we adamzat siwilizasiýasynyň gymmatly genji-hazynasy bolan,
dünýä atçylyk medeniýetinde abraýly orun eýeleýän, milli buýsanjymyza,
şan-şöhratymyza, gözelligiň ajaýyp nusgasyna öwrülen ahalteke bedewlerini
ösdürip ýetişdirmek sungatyny, atlary bezemek däplerini, milli atçylyk sportuny
we at üstündäki oýunlary mundan beýläk-de ösdürmek, behişdi bedewlerimiziň
durmuşdaky, sungat älemindäki möhüm ähmiýetini giňden wasp etmek, ýaş
nesilleriň arasynda bedew ata we atçylyk sportuna söýgini, gyzyklanmany
artdyrmak maksady bilen, şeýle hem ýurdumyzda milli atçylyk sportuny yzygiderli
esasda ösdürmäge, behişdi bedewlerimizi halkara giňişlikde hemmetaraplaýyn tanatmaga
goşýan uly goşantlaryny we bu ugurda gazanýan ajaýyp üstünliklerini nazara
alyp, Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda,
Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň Hojalyk
müdirliginiň Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň
edarasynyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary 3 000 000 (üç million)
manat möçberinde pul baýragy bilen sylaglanyldy.
***
Türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň çözgüdi bilen,
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Monako Knýazlygynyň Monte-Karlo şäherinde
geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda üstünlikli çykyş edip,
ýokary derejeli baýraklara mynasyp bolan «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar toparynyň
agzalaryna 1 000 ýewrodan, jemi 17 000 (on ýedi müň) ýewro pul baýragyny
gowşurmaga ygtyýar berildi.