milli goshun logo
Mertebe tugy ygtybarly gollarda
Mertebe tugy ygtybarly gollarda

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy mynasybetli geçirilen baýramçylyk ýörişi baýdak göterijiler topary bilen açyldy. Olar dabaraly ýörişiň owazy astynda Türkmenistanyň Döwlet baýdagy hem-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň goşun görnüşleriniň baýdaklary bilen Döwlet münberiň öňünden ynamly gadamlar bilen geçdiler.

Mertebe tuguna deňelýän bu baýdaklar Watana wepalylygyň alamaty hökmünde ygtybarly gollarda saklanylýar. Ata-babalarymyzyň watançylyk ýörelgelerine ygrarly nesiller Döwlet baýdagymyzy we goşun görnüşleriniň baýdaklaryny belent parladyp, mizemez watançylyk ruhuny döretdiler. 

Dabaraly harby ýörişden düşürilen suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňiz!