milli goshun logo
Harby gullukçylary sylaglaýyş dabaralary geçirildi
Harby gullukçylary sylaglaýyş dabaralary geçirildi
28.09.2021 1617 Habarlar | Harby özgertmeler

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň alyp barýan oýlanyşykly içeri we daşary syýasatlary netijesinde, Türkmenistan sebitde hem-de bütin dünýäde parahatçylygy ündeýji döwlet bolup çykyş edýär. Harby doktrinamyza laýyklykda, milli Ýaragly Güýçlerimiz hem bu ugra we diňe goranyş häsiýetine esaslanýar. Şonuň bilen bir hatarda, ýurdumyzda harby gullukçylaryň ýokary derejede zähmet çekmegi we talabalaýyk dynç almagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Özleri üçin döredilýän şeýle şertlerden ruhlanyp, harby gullukçylarymyz Watanymyzyň asudalygynyň, döwletimiziň berkararlygynyň has-da pugtalanmagy ugrunda jan aýaman zähmet çekýärler. Şoňa görä-de, her ýyl dabaraly baýramçylyk günlerine gabatlap, Watan goragçylaryna harby atlar dakylýar, hünär derejeleri berilýär.

«Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda hem şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, harby we hukuk goraýjy edaralaryň harby gullukçylaryna, işgärlerine döwlet sylaglary berilip, harby atlar dakyldy, hünär derejeleri berildi. Bu Watan goragçylary üçin uly toý sowgady boldy.

Belent ynama eýe bolan harby gullukçylary we gullukçylary sylaglaýyş dabaralary paýtagtymyzdaky «Halk hakydasy» ýadygärlikler toplumynda hem-de Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Merkezi serkerdeler öýünde geçirilip, dabaraly çäreler aýdym-sazly çykyşlar bilen utgaşdy.

Has köp suratlary «Multimediýa» bölümimizde görüp bilersiňiz!

«Milli goşun».