milli goshun logo
Zenanlaryň arasynda 49 kg-da medallar gowşuryldy
Zenanlaryň arasynda 49 kg-da medallar gowşuryldy
03.11.2018 1043 Habarlar | Sport

Aşgabatda dowam edýän Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynda zenanlaryň arasynda 49 kilogram agram derejesinde medallaryň eýeleri belli boldy. 11 türgeniň gatnaşmagynda geçirilen A toparyň ýaryşlary netijeleriň dürli-dürlüligi bilen tapawutlandy. Rekordlaryň yzly-yzyna täzelenmegi bolsa ýaryşyň gyzygyny has-da artdyrdy.

Şeýlelikde, ulularyň arasynda-da, ýaşlaryň arasynda hem görnüşleriň ählisi boýunça dünýä rekordlary täzelendi. Has takygy, ulularyň arasynda:

silkip götermekdäki dünýä rekordy 93 kilogram (Sopita Tanasan, Taýland);

itekläp götermekdäki dünýä rekordy 120 kilogram (Chayuttra Pramongkhol, Taýland);

Umumy netije boýunça dünýä rekordy 209 kilogram (Chayuttra Pramongkhol, Taýland). 

 Ýaşlaryň arasynda:

silkip götermekde dünýä rekordy 92 kilogram (Jiang Huihua, Hytaý);

itekläp götermekde dünýä rekordy 114 kilogram (Jiang Huihua, Hytaý).