milli goshun logo
Zenanlaryň 55kg agramda «C» toparçasyndaky ýaryşynyň jemi
Zenanlaryň 55kg agramda «C» toparçasyndaky ýaryşynyň jemi
01.11.2018 773 Habarlar | Sport

Zenanlaryň 55kg agramda «C» toparçasyndaky ýaryşyň jemi

Zenanlaryň arasynda 55kg agram derejesindäki «C» toparçasyndaky ýaryşlar üstünlikli tamamlandy. Toparçany italiýaly zenan türgen MAGISTRIS Lucrezia umumy 185 kg agramy götermek bilen birinji tamamlady. Onuň yzýanyndan iki sany ýaponiýaly türgen umumy 184 we 182 kg netije görkezip, toparçada 2-nji we 3-nji orna eýe boldular. Bu agram derejesinde häzirki wagtda «D» we «C» toparçalaryň ýaryşlary tamamlandy. Iki toparçanyň umumy netijeleri boýunça nigeriýaly, kanadaly we italiýaly agyr atletikaçy türgen zenanlar degişlilikde 1-nji, 2-nji, 3-nji orunlary eýeleýärler. Zenanlaryň arasynda 55kg agram derejesinde dünýä çempionlaryny kesgitlemek bolsa «A» we «B» toparçalarynyň ýaryşlaryna bagly bolup durýar.