milli goshun logo
Yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklary
Yzygiderli ösdürilýän türkmen-ermeni gatnaşyklary
14.12.2024 150 Habarlar

Düýn – 13-nji dekabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ermenistan Respublikasynyň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Arsen Awagýany kabul etdi. Ilçi döwlet Baştutanymyza ynanç hatyny gowşurdy.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz we dostlukly ýurduň doly ygtyýarly wekili giň ugurlarda netijeli gatnaşyklary ösdürmek we diwersifikasiýalaşdyrmak üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny nygtadylar. Türkmenistan hem-de Ermenistan syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesine eýe bolup, ählumumy gün tertibiniň möhüm meseleleri boýunça özara düşünişmegiň ýokary derejesini görkezýärler. Söwda ulgamynda, ýangyç-energetika toplumynda, ulag-aragatnaşyk pudagynda iri taslamalary durmuşa geçirmek, eksport-import amallarynyň görnüşlerini giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri gözlemek hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezildi.