milli goshun logo
«Ýylyň parlak ýyldyzy» estrada bäsleşiginiň jemi jemlendi
«Ýylyň parlak ýyldyzy» estrada bäsleşiginiň jemi jemlendi
16.12.2023 703 Habarlar

Düýn – 15-nji dekabrda Arkadag şäheriniň söwda toplumynda, asylly däbe görä, Täze ýyl baýramynyň öňüsyrasynda geçirilýän «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Türkmenistanda ýaş estradaçylaryň arasynda geçirilýän dürli çäreler, şol sanda «Ýylyň parlak ýyldyzy» bäsleşigi olaryň döredijilik işjeňligini höweslendirmäge, täze zehinleri ýüze çykarmaga, ýerine ýetirijileriň hünär taýdan kämilleşmegine, ýurdumyzyň häzirki zaman aýdym-saz medeniýetiniň ösdürilmegine goldaw bermäge gönükdirilendir.

Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guralan bäsleşige ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden tomaşaçylar köpçüliginiň öňünde öz ussatlyklaryny görkezmek isleýän 17 — 35 ýaş aralygyndaky zehinli ýaş estrada aýdymçylary gatnaşdylar. Abraýly emin agzalary dalaşgärleriň içinden has ökde, wokal we ýerine ýetirijilik ussatlygy bilen tapawutlanan, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan hem-de has köp ses alan ýaşlary seçip aldylar.

Netijede, ýaş aýdymçy Bahar Annaýewa döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi we «Ýylyň parlak ýyldyzy» adyna mynasyp boldy. Ýeňijä göçme kubok hem-de gymmat bahaly sowgat gowşuryldy.

Birinji, ikinji we üçünji orunlara mynasyp bolanlar degişli diplomlar, gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.