milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz Akihisa Nagaşimany kabul etdi
Hormatly Prezidentimiz Akihisa Nagaşimany kabul etdi
7 sagat öň 20 Habarlar

Düýn — 5-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ýaponiýanyň Premýer-ministriniň ýörite geňeşçisi Akihisa Nagaşimany kabul etdi.

Duşuşygyň dowamynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Aziýa — Ýuwaş umman sebitinde ýerleşýän Ýaponiýa bilen gatnaşyklaryň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine aýratyn üns berýär. Ýurtlarymyzyň arasyndaky hyzmatdaşlyk uzak möhletleýin strategik häsiýete eýe bolup, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak, ynanyşmak ýörelgelerine laýyklykda işjeň ösdürilýär. Türkmenistan we Ýaponiýa diňe bir ikitaraplaýyn esasda däl, eýsem, köptaraplaýyn görnüşde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda türkmen-ýapon gatnaşyklary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, durmuş, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlary öz içine alýar.