milli goshun logo
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi
Hormatly Prezidentimiz iş maslahatyny geçirdi
18 sagat öň 24 Habarlar

Düýn — 3-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işler, ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň we Oba milli maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi bilen baglanyşykly meselelere garaldy.

Maslahatyň dowamynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary hem-de welaýatlaryň häkimleri ýurdumyzyň sebitlerinde dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitleriň ak ekin meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg işleri alnyp barylýar. Gowaça ekiljek meýdanlarda tekizleýiş, geriş çekmek işleri dowam edýär. Gowaça ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde welaýatlaryň toprak-howa şertlerine laýyk gelýän ýokary hilli gowaça tohumyny, oba hojalyk işlerinde ulanyljak gurallary möwsüme taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär. Ýazlyk ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny hem-de tohumlaryny möwsüme taýýarlamak babatda zerur çäreler görülýär.