milli goshun logo
Ýurdumyzda Täze ýyl dabaralarynyň şowhuny
Ýurdumyzda Täze ýyl dabaralarynyň şowhuny
30.12.2018 901 Habarlar

Paýtagtymyzdaky köpugurly sport toplumynda Täze ýyl mynasybetli baýramçylyk konserdi geçirildi. Baýramçylyk lybasynda bezelen toplumda Täze ýyly mynasyp garşylaýan şäher ilatynyň hem-de onuň myhmanlarynyň konserde tomaşa etmäge gelenleriň ruhuny göterdi. Bu ýere Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň hem-de pudaklaýyn dolandyryş edaralaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, ýurdumyzyň daşary ýurtlardaky ilçileri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň we medeniýet guramalaryň işgärleri, sungat ussatlary we beýlekiler ýygnandylar.