milli goshun logo
Ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
Ýokary tizlikli Aşgabat – Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi
25.01.2019 1319 Habarlar

Düýn Ahal welaýatynyň häkiminiň orunbasary S.Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Aşgabadyň golaýynda ýokary tizlikli Aşgabat —Türkmenabat awtomobil ýolunyň gurluşygyna badalga berildi.

Awtomobil ýoly bir ugurda üç ulag zolakly we bir ätiýaçlyk zolakly iki ugurda jemi sekiz zolakly bolup, onuň umumy ini 34,5 metre barabar bolar. Awtoban Aşgabat — Daşoguz awtomobil ýolunyň 24-nji kilometrinde başlanar we uzynlygy 600 kilometre barabar bolar. Bu ýerde elektron töleglerini hem göz öňünde tutýan töleg merkezleri, ýol gözegçilik gullugynyň merkezi bekedi, dynç alyş meýdançasy ýerleşer.

Awtobanyň ugrunda derýanyň üstünden geçýän köprüleriň 4-si, demir ýoluň üstünden geçýän köprüleriň hem 4-si, beýleki awtomobil ýollarynyň üstünden geçýän köprüleriň 22-si gurlar. Mundan başga-da, jandarlar üçin ýörite geçelge ýoly göz öňünde tutuldy. Şeýle hem pyýada ýolagçylar üçin ýerasty geçelgeleriň 76-sy, suw akabalary, zeýkeşleriň üstünden geçýän köprüler we beýleki desgalar gurlar.

Ýokary tizlikli ýola tehniki hyzmatlar üçin awtomobil hyzmat merkezleriniň 10-sy meýilleşdirildi. Ýol hereketi ýörite ulgam arkaly dolandyrylar. Bu ulgamyň çäklerinde ýokary tizlikli awtomobil ýol gözegçilik gullugynyň esasy maglumatlary iberiler we ýatda saklanar. Bu işler ýapyk aýlawly teleýaýlym ulgamy arkaly ýerine ýetiriler. Şeýle hem şol ýere meteorologiýa bekedinden ýoluň yzgarlygy, görnüş aralygy baradaky we beýleki maglumatlar iberiler.

Taslamanyň baş potratçysy hökmünde çykyş edýän «Türkmen Awtoban» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň buýurmasy boýunça «Nusaý ýollary» hususy kärhanasy hem-de «Hyzmat merkezi», «Oguz ýoly», «Altyn nesil» hojalyk jemgyýetleri ýoluň gurluşyk işlerini amala aşyrarlar.

Umumy bahasy ABŞ-nyň 2 milliard 300 million dollaryna barabar bolan bu taslamany durmuşa geçirmäge döwletimiz tarapyndan serişdeleriň bölünip berilmegi ýurdumyzda kuwwatly, bäsdeşlige ukyply hem-de durmuş ugurly işewürligi kemala getirmäge, onuň ösmegi üçin has oňaýly şertleriň döredilmegine uly üns berilýändigine şaýatlyk edýär.