milli goshun logo
Ykbalyň bagtly pursatlary
Ykbalyň bagtly pursatlary
02.11.2018 1607 Habarlar | Harby özgertmeler

Türkmen halky üçin Watan mukaddeslik. Mukaddesligi goramak bolsa borçdur. Mukaddeslikleriň goragy ynanylan gerçekleriň özüni bagtly saýmaga doly haklary bardyr. Ata-babalarymyz Watan goragynyň her bir pursatyny toý hasaplapdyrlar. Hatda dogduk ülkesine gözüni dikip gelen ýagylary yzyna serpikdirmek üçin alnyp barlan söweşleri hem toý hasaplapdyrlar.

Pederlerimiziň bagry badaşan ýerlerini goramak, ata-eneňi, aga-ini, dosty-ýary goramak ynanylar-da, özüňi bagtly saýmazmyň. Şeýle perzentleri ýetişdiren ata-eneler üçin olaryň Watan goragyna çagyrylmagy hem olaryň öz borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirip dolanyp gelmekleri hem toýdur, baýramdyr.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakyndaky» Türkmenistanyň kanunyna laýyklykda, Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň degişli Permany bilen ýylda iki gezek – ýaz we güýz möwsüminde çagyryş boýunça harby gullugyny geçýän harby gullukçylar Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşadylýar we Türkmenistanyň raýatlary harby gulluga çagyrylýar. Şu ýyl harby gulluga çagyryşyň güýzki möwsümini ýokary derejede geçirmek üçin welaýat, etrap we şäher harby wekilliklerinde hem-de harby bölümlerde hemmetaraplaýyn taýýarlyk işleri geçirildi. Harby bölümler harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyň esgerlerini kabul etmek üçin ykjam taýýarlyk işlerini alyp bardylar. Häzirki wagtda ýurdumyzyň welaýat, etrap we şäher harby wekilliklerinde harby gulluga çagyrylyşa degişli edilen raýatlara Watany goramakdaky konstitusion borjy düşündirilýär, wagyz-nesihat duşuşyklary guralýar, harby-watançylyk mazmunyndaky gysga göwrümli wideofilmler görkezilýär.

Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşyny üstünlikli guramak, her bir raýaty özüniň hünär derejesine laýyklykda harby bölümlere paýlamak harby wekillikleriň öňünde duran möhüm wezipedir. Şonuň üçin Türkmenistanyň raýatlarynyň, ýagny geljekki ýaş Watan goragçylarynyň harby wekilliklerden harby bölümlere ugradylyşy we olaryň harby bölümlerde kabul edilişi hem şowhunly dabaralaryň astynda guralýar.

Şu günler çagyryş boýunça harby gullugyny tamamlan harby gullukçylaryň ätiýaçlyga goýberiş dabaralary hem ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň her bir harby bölümlerinde, serhet birikmelerinde we beýleki goşunlarynda giň gerimde dowam edýär. Eziz Watanymyza ak ýürekden göreldeli gulluk eden, söweşjeň we jemgyýetçilik-ynsanperwerlik taýýarlygynda tapawutlanan esgerler höweslendirilýär, olara nobatdaky harby atlar dakylýar, Hormat hatlarydyr ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanylýar. Harby gullugyny tamamlan we ýaşaýan ýerlerine gelen raýatlar demir ýol menzillerinde dabaraly ýagdaýda garşylanýar.

Watan – diňe hakyky mertleriň, gaýduwsyzlaryň eginlerinde beýgelýär. Çagyryş boýunça harby gullukçylaryň täze tapgyry Watan öňündäki borjy bilen bir hatarda perzentlik borjuny hem aňryýany bilen haklarlar diýip umyt edýäris. Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň «Enä tagzym – mukaddeslige tagzym»  atly kitabynda belleýşi ýaly: «Watançylyk borjuny perzentlik borjundan üzňelikde göz öňüne getirip bilmeýärin. Sebä­bi öz ýakynlaryňa, özüňi dünýä inderen mähri­ban ynsana ygrarlylyk watançylygyň ilkinji binýady».

Biziň türkmen halkymyza mahsus bir häsiýet bar. Maşgalada ogul bäbek dünýä inen gününden onuň goç ogul, Watan ogly bolmagy arzuw edilýär. Watana gulluk etmegiň parzdygy, Watanyň mukaddesligi, onuň hyzmatynda bolup, ata-eneňi göreldeli gullugyň bilen begendirmelidigi hakyndaky gürrüňler bilen oglanjyklaryň aňy gandyrylýar. Şeýle mukaddes duýgy-düşünjeler bilen kemala gelen ýetginjek Watany başyna täç edýär. Bu barada Hormatly Belent Serkerdebaşymyz şeýle belleýär: «Watan diýlen düşünje ynsan üçin örän mukaddesdir. Bu düşünje adama ene süýdi, ata pendi bilen geçýär.  Şoňa görä-de, Watan, ene toprak diýlen düşünjeler hemişe-de belent ýaňlanýar. Olar ynsanyň iň eý görýän möhüm, döşüni gerip goramaly hemişe beýik mukaddeslikdir».

Ykbalyň iň bagtly pursatlary ynanylan gerçeklere – Watany beýgeltjek, onuň goragynda sak durjak çagyryş boýunça harby gullukçylara mukaddes borçlaryny mynasyp dowam etdirmekde uly üstünlikleri arzuw edýäris!

«Milli goşun»