milli goshun logo
«Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» metbugat ýörişi ýa-da Brýusselde geçirilen bäş günüň täsiri
«Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa» metbugat ýörişi ýa-da Brýusselde geçirilen bäş günüň täsiri
29.11.2018 1310 Habarlar

Ýewropa ýurtlary özara birleşip hem goşulyşyp, Ýewropa Bileleşigini (ÝB) emele getirýärler. Ol Belgiýa Patyşalygynyň paýtagty Brýussel şäherinde ýerleşýär. Biz ÝB-de geçiren bäş günümizde, esasan, onuň Türkmenistan bilen gatnaşyklary nähili we näderejede ýola goýşy, şol gatnaşyklary ösdürmegiň geljegi we umuman, ÝB-niň häzirki döwürde, Merkezi aziýanyň beýleki döwletleri bilen bir hatarda, Türkmenistana garaýşy barada bilmäge çalyşdyk.

Merkezi Aziýa iki yklymyň — Aziýanyň we Ýewropanyň çäkleşýän ýerinde ýerleşýär we hut şu ýagdaýa görä, gadymy döwürlerden bäri iki yklymy birleşdirýän köpri hökmünde bellidir. Merkezi Aziýanyň ýurtlary — Türkmenistan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Täjigistan, Özbegistan döwlet garaşsyzlygyna eýe bolanlaryndan soň, Ýewropa ýurtlary bilen gatnaşyklaryny ýola goýup başladylar.

ÝB Ýewropa döwletleriniň birleşen döwleti kysmy bir zat: onuň öz hökümeti, Mejlisi, kazyýeti bar. Adam hukuklary meselesi — ÝB üçin iň esasy mesele. ÝB beýleki döwletler bilen gatnaşygyny hut şu esasda guraýar. ÝB-niň ýokary wezipeli adamlarynyň aýtmagyna görä, bu guramanyň gapylary ähli döwletler üçin, şol sanda Türkmenistan üçin hem açyk. Bu bileleşik bilen ýygjam aragatnaşygy ýola goýmagy ýüregiňe düwüp, gapyny kakmak ýeterlik, doly hem deň hukukly gatnaşyklar üçin ÝB-niň gapysy açylýar. ÝB-niň gapysy diýmek hem Ýewropa ýurtlarynyň bazarlary, täze tehnologiýalar, tejribelerdir hem-de islendik mesele — syýasy, ykdysady, bilim, beýleki global meseleler, mysal üçin, ekologik hem-de tebigy hadysalar boýunça maslahatlaşmak, pikir alyşmak, birek-birege ýardam bermek diýmekdir. Şonuň bilen birlikde, dostlukdyr medeniýetleriň gatnaşygydyr, aňyýetiň ösmegidir, parahatçylygyň berkidilmegidir, howpsuzlykdyr, milliligiň ýüze çykmasydyr.

Bular özbaşyna aýratyn gürrüň. Biz gören-eşiden zatlarymyz hakynda gürrüň edeliň. Bileleşikde žurnalistler bilen işleşmekde, habarlary ýaýratmakda bir usul ýörgünli eken. Olarda «ýazgy esasynda» diýen bir düşünje bar, manysy, şu düşünje, jümle ulanylanda, aýdylýan habary ýa maglumaty resmi zat hökmünde ulanyp bolýar, ýagny şeýle ýagdaýda şol habary, maglumaty aýdan adamyň adyny, familiýasyny, zerurlyga görä, habaryňda getirip, onuň aýdanlaryny bolsa ÝB-niň aýdany, sözi, pikiri, garaýşy hökmünde häsiýetlendirip bolýar. Başgaça aýdylanda, «ýazgy esasynda» diýlende, ony ÝB-niň gutarnykly pikiri hökmünde ulanyp bolýar. Žurnalistik tejribede: «Resmi wekiliň aýtmagyna görä» diýilýän wagtyna-da gabat gelinýär. Bu eýýäm, biziň mysalymyzda, ÝB-niň gutarnykly pikiri däldir, ol resmi garaýyş bilen gabat gelibem biler, gelmänem biler. Şuňa aýratyn üns berilmelidir. Türkmen žurnalistikasy dünýä çykýar, şular ýaly aýratynlyklary öwrenmeklik geljekde kärdeşlerimize peýdaly bolup biler.

Biziň şu ýazgymyzy «Žurnalistiň ýol ýazgylary» diýen rubrika astynda bermegimiziň hem düýp sebäbi hut şunda: biz Brýusselde, ÝB-de geçiren bäş günümiziň wakalaryny birin-birin yzarlaman, görüp-eşiden, synlan, özümiziň netije çykaran zatlarymyz babatda ýazmakçy. Siz ony, gadyrly okyjylar, kabul edibem bilersiňiz, etmänem.

Şeýlelikde, birinji gün. Birinji gün, elbetde, tanyşlykdan başlandy. Biz olar bilen, olar hem biziň bilen tanyşdylar. «Olar» diýenimizde biz Merkezi Aziýa döwletleriniň žurnalistlerini hem göz öňünde tutýarys. Olaryň biziň döwletimiz bilen gyzyklanmalary göwnüňi göterýär. Türkmenistanyň syýasy, ykdysady we medeni gazananlary köpleri gyzyklandyrýar.

«Ýaşaýan dünýäňe has gowy göz ýetirmeli» — ine, şu tekrarlama birinji günüň, diňe bir şol günüňem däl, ÝB-de bolan beýleki günlerimiziň hem esasy gürrüňi boldy.

ÝB-niň Türkmenistana bolan garaýşy oňat. Ol Türkmenistan bilen ählitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmagyň hem ösdürmegiň tarapdary. «ÝB-niň Merkezi Aziýada öz maksatlary bar. Şol maksatlar hem parahatçylygy berkitmek, dostlukly gatnaşyklary ösdürmek, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak» diýip, saparymyzyň birinji gününde gürrüňdeş bolan ÝB-niň wezipeli adamlary aýtdylar.

«Gowy maksat, söz ýok. Onda Türkmenistan bilen mäkäm gatnaşyklar has uzaklary nazarlar» diýip oýlandyk. Geň galaýmaly, biziň duşuşyp, pikirini diňlän adamlarymyz — ÝB-niň ygtyýarly wekilleri hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň daşary syýasatynda öňe sürýän esasy maksatlary barasynda aýdýanlaryny, sözme-söz bolmasa-da, ol ýa beýleki görnüşde gaýtalaýardylar. Diýmek, garaýyşlar meňzeş, eýýäm şunuň özüni üstünlikli dowam edýän hem-de geljekde has-da ösdürilmegi göz öňünde tutulýan özara bähbitli gatnaşyklaryň açary hökmünde häsiýetlendirip bolar. Parahatçylyk. Dostluk. Hyzmatdaşlyk. Milli Liderimiziň alyp barýan «Açyk gapylar» syýasaty hut şulary ündeýär. Çuňňur hormatlanylýan Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň belent münberinden: «Ösüş arkaly parahatçylyk» diýen sözlerini ýatlalyň!

ÝB-niň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen gatnaşygy geçen asyryň 90-njy ýyllarynda ýola goýlup başlanypdyr. 2007-nji ýylda bolsa ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasy kabul edilipdir. Strategiýanyň esasy maksady tutuş sebitde hem-de onuň aýry-aýry döwletlerinde durnuklylygy berkitmek bolup durýar. Munuň üçin syýasy geňeşmeleri yzygiderli ýola goýmaga, olarda-da kanunlaryň hökmürowanlygy, bilim, daşky gurşaw, suw serişdeleri babatda maslahatlaşyp durmak, esasan-da, howpsuzlygy we durnuklylygy gazanmak ýaly meselelere üns bermeli.

ÝB Merkezi Aziýa döwletleri bilen pugta we uzak möhletleýin gatnaşyklaryny özüniň Baş strategiýasyna hem-de BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna laýyklykda ösdürmek isleýär. Munuň özi Türkmenistanyň maksatlaryna doly laýyk gelýär.

Geljek ýylda ÝB-niň Merkezi Aziýa boýunça strategiýasy kabul ediler. Ol ozalky strategiýany täzelär we sebitiň häzirki ösüşine laýyk getirer. Sebitiň häzirki ösüşini bolsa Türkmenistansyz göz öňüne getirmek hem kyn. Soňky onýyllykda Türkmenistan sebitiň ösüşinde şeýle bir ähmiýetli ýurda öwrüldi welin, ony dostlarymyzyň ählisi ykrar edýär. Şeýle bolansoň, ÝB bilen gatnaşyklar babatda-da Türkmenistan özüne mahsus pähim-paýhasyny ýene bir gezek ähli aýdyňlygy bilen görkezer diýip ynanýarys.

Owganystan meselesine Ýewropa Bileleşiginiň uly ähmiýet berýändigini hem-de Türkmenistanyň bu ýurt babatda alyp barýan dostlukly syýasatyny göz öňünde tutanyňda, gatnaşyklaryň juda ýygjam we birek-biregi doldurýan, goldanylýan häsiýetde boljakdygyny häzirden aýdyp bolsa gerek. «Lapis Lazuli» diýlip atlandyrylýan ulag-üstaşyr geçelgesi owgan meselesinde dillerde sena. Türkmenistanyň bolsa bu taslamadaky orny örän uly — geçelge Türkmenistanyň demir ýoludyr awtomobil ýoly, deňiz ýoly bilen birlikde, ähli infrastrukturasynyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň öz hasabyna, öz güýçleri bilen Owganystanyň territoriýasynda guran demir ýollary, çaga dogrulýan öýi, içimlik suw çykarýan dik guýulary, söwda nokatlary... Merkezi Aziýa ýurtlaryndan gelen žurnalistler üçin täzelik boldy. Olar TOPH hakynda eşitselerde, ýokarda aýdanlarymyzdan hem-de owgan ýaşlarynyň bir toparynyň Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde mugtuna okadylýandygyndan, dogrusy, bihabar ekenler. Şu meselede biziň — türkmen žurnalistleriniň öňünde edilmeli işleriň entekler örän kändigi barasynda oýlanýarsyň. Biz ýurdumyz baradaky maglumatlary dünýäniň halklaryna şol halklaryň öz dillerinde, iň bolmanda, ykrar edilen dünýä dillerinde has giňden ýetirmeli. «Gaýtalamak — bilmegiň enesidir» diýilýär. Şu işleri, ýanjap-ýanjap gaýtalanyňda-da, artykmaçlyk eder öýdemzok.

Ýewropa Bileleşigi — Merkezi Aziýa ýurtlarynyň daşary işler ministrleriniň 2018-nji ýylyň 23-nji noýabrynda bolan duşuşygyna gabatlanyp geçirilen Merkezi Aziýadan baran žurnalistleriň Ýewropa Bileleşigine «metbugat ýörişi» bu ýerde «Örän möhüm hepde» diýlip atlandyrylan hepdäniň wakalarynyň üstüni ýetirdi.

Türkmenistan halkara gatnaşyklarda pälwan gadamy bilen öňe barýar. ÝB-niň adam hukuklary babatynda öňe sürýän talaplary jähetden-de ýurdumyzda şu wagta çenli köp işleriň edilendigi aýratyn nygtalmalydyr. 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň rejelenen görnüşi kabul edildi. Ol halkara ülňülere laýyklandy. Adam hukuklary boýunça Adalatçy (Ombudsmen) babatda kanun kabul edilip, ýurdumyzda ilkinji Adalatçy saýlanyldy. Gender deňligi, çagalaryň hukuklary babatda, şeýle hem adam söwdasyna garşy kanunlar bar we olar hereketde. Ýurdumyzda Döwlet, hukuk we demokratiýa instituty hereket edýär. Umuman, raýat jemgyýetini ösdürmek we ýurdy demokratiýalaşdyrmak işleri 2015-nji ýyldan başlap, has işjeň häsiýete eýe boldy diýsek, biziň bilen ylalaşsaňyz gerek.

Saparyň ikinji gününe dolanalyň. Gün tertibiniň esasy meselesi saparyň adynda belerledilen tema boldy. Žurnalistler bilen işleşmäge ÝB-de uly üns berilýän eken. Maglumat almakda hiç hili bökdençlik ýok. Onuň üçin ÝB-niň iş düzgünini, içki kadalaryny öwrenmek ýeterlik. Jemgyýeti jebisleşdirmekde, ekstremizme, terrorçylyga garşy göreşmekde, adamlary habardar etmekde žurnalistleriň işiniň ähmiýeti örän uly. Saparyň dördünji gününde hem şu mowzuga gaýdylyp gelindi. Tejribe alşyldy. ÝB-de her gün, aglaba, günüň ikinji ýarymynda, brifing geçirilýän eken. Bize şeýle brifingleriň birine gatnaşyp görmeklik teklip edildi. Barsak, uly zal, ortada sahna. Sahnadaky mikrofonly münber, zalda-da elleri kameraly, mikrofonly, fotoapparatdyr planşetli, galamdyr depderçeli žurnalistler bolmadyk ýagdaýynda, oňa teatr diýseňem boljakdy. Soňra bu zalda ýaýbaňlanan waka, dogrudan-da, teatr durmuşyny — sahnalaşdyrylan oýny ýatlatdy. Şol bir mesele barada jogap almak üçin ÝB-de akkreditirlenen žurnalistler maglumat berijä şol bir sowaly azyndan 4-5 gezek, her gezekde-de dürli görnüşde berip gördüler. Emma ol hem taýýarlykly adam eken, çylşyrymly sowallardan baş alyp çykdy. Şonda biz ÝB-däki «ýazgy astynda» diýen ýörelgäni ýatladyk. Şol brifinge sowal bilen ýüz tutman, diňe tomaşaçy hökmünde gatnaşmaga hukuk berlen, ÝB-de hasaba alynmadyk žurnalistleriň, žurnalistika hünärini öwrenýän talyplaryň, geljekde žurnalist bolmagy arzuw edýän mekdep okuwçylarynyň zaly dolduryp oturmagy ÝB-niň işine jemgyýetde uly üns berilýändigine ýene bir gezek göz ýetirmäge mümkinçilik berdi. Aslynda, Ýewropa Bileleşiginiň islendik ýurdunyň islendik adamy, eger isleg bildirse, bu ýere gelip, howpsuzlyk barlagyndan geçenden soň, islendik waka barasynda maglumatlary almaga, okamaga, wideogörnüşleri görmäge hakly eken. Onuň üçin ýörite enjamlaşdyrylan otag taýýarlanylypdyr. Syýasatçylar, synçylar, hünärmenler — islendik adam, esasan-da, saýlaw kompaniýalary ýaly, jemgyýetde uly seslenme döredýän wakalar mynasybetli şu otagdan peýdalanyp bilýärler.

Saparyň indiki güni ÝB-niň ynsanperwerlik işlerine bagyşlandy. Görüp otursak, ÝB dünýäniň dürli künjeginde bolýan tebigy hadysalarda heläkçilik çekýänlere ynsanperwerlik goluny uzadýan eken. Suw basmalar, ýertitreme, ýokanç keselleriň ýaýramagy, bosgunlar we ýene-ýeneler bilen ýüze çykýan islendik hadysalarda olar adamlara kömege gelýän ekenler. Diňe bir kömek bermek bilen çäklenmän, eýsem, wakalaryň ýüze çykmagynyň, mysal üçin, her ýyl şol bir ýerde sil suwunyň gelmeginiň sebäplerini öwrenmek, mümkin bolan ýagdaýynda onuň öňüni almak ýaly çäreleri durmuşa geçirmek babatda-da edilen işleriň az däldigini mysallar arkaly gürrüň berdiler. Onuň howa ýagdaýlaryny öwrenýän merkezi-de hereket edýän eken — islendik döwlet, ol ÝB-niň agzasy bolmasa-da, islegine görä, bu merkeziň hyzmatyndan peýdalanmaga hakly.

Merkezi Aziýada gurap barýan Aral deňziniň döredýän meseleleri ýaly tebigy betbagtçylyklar döwlet serhetlerini «kabul etmeýärler». Olaryň garşysyna diňe güýçleri birleşdirmek arkaly durup bolýar. Hormatly Prezidentimiziň Aral meselesi boýunça BMG-niň garamagynda ýörite düzümi döretmek babatda öňe süren başlangyçlary durmuş taýdan örän derwaýysdygy bilen tapawutlanýar. «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni esasy ýörelge edinen Türkmenistanyň edişi ýaly, her bir işde oýlanyşykly hereket edilse, durmuşda köp tebigy hadysalaryň zyýanly täsirleriniň öňüni alyp bolsa gerek diýip oýlanýarsyň.

«Goňşular saýlanylmaýar, olar bilen oňşuklylykda ýaşamaly». Ýörite wagt sarp edilip, gürrüňi edilen bu tema halkymyzyň goňşokara däp-dessuryny ýatlatdy. Goňşy döwlete, halka sarpa, hormat — sylag — parahatçylykly ýaşamagyň ilkinji şerti. ÝB-niň halkara derejede alyp barýan işleriniň köpüsiniň bileleşigiň agza döwletleriniň halklarynyň ýörelgelerine esaslanýandygyny duýup boldy. Şunuň ýaly ýörelgeler türkmen halkynda-da sarpalanylýar.

Saparyň jemleýji gününde Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary işler ministrleriniň duşuşygyna bagyşlanan metbugat konferensiýasynda (hakykatda, ol wagtyň çäklidigi zerarly, brifing görnüşde geçdi): «Biz — ÝB Merkezi Aziýa döwletleriniň bizden garaşýan ähli zatlaryny berjaý etmäge çalşarys — diýlip aýdyldy.— Owganystanda parahatçylygy saklamaga biziň döwletlerimiziň mümkinçilikleri bar. Onuň bilen söwda hem bilim babatda hyzmatdaşlygy ösdüreris». Örän gowy niýetler! Parahatçylyk — asudalygy, asudalyk — söwdany, söwda — gatnaşyklary, bilim bolsa aňyýeti ösdürýär. Sebitde, şonuň bilen birlikde, bütin dünýäde pugta parahatçylygy, abadan durmuşy üpjün etmegiň gürrüňi edilýär. Rast, gürrüňini edýän bolsak, diýmek, biz hereketdediris. Aziýa bilen Ýewropa gol-gola berip, ýagty geljege tarap barýarlar. Merkezi Aziýa sebitindäki döwletler bolsa bu hereketiň öň hatarlarynda. Muny Türkmenistanyň tejribesi görkezýär. Muny Türkmenistanyň çuňňur hormatlanylýan Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň halkara başlangyçlary görkezýär.

Şulary jemläp, näme aýdyp bolar?!

  • ÝB örän möhüm hyzmatdaş, ol Merkezi Aziýa ýurtlary üçin açyk;
  • Owganystan meselesi bilen baglylykda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, şol sanda Türkmenistanyň halkara ähmiýeti has artýar;
  • Ýewropa ýurtlary türkmen gazyna garaşýarlar;
  • maksat: parahatçylyk, dostlukly gatnaşyklar, hyzmatdaşlyk;
  • puluň gymmaty möçberinde däl-de, onuň nämä harç edilýänliginde, maksadalaýyklygynda;
  • Merkezi Aziýadan öwrenmäge zat kän;
  • Merkezi Aziýa ýurtlarynyň gatnaşyklaryny diňe ÝB bilen däl-de, eýsem, olaryň öz aralarynda hem has ýygjamlatmak;
  • önüm öndürijileri Ýewropa bazarlary üçin önüm öndürmäge höweslendirmek.

***

«Myhman az otursa-da, köp synlar» diýenleri. Biz hem Brýusselde bolan günlerimizde ol ýeriň adamlaryna, şäheriň özüne, käbir aýratynlyklaryna üns bermäge çalyşdyk. Adamlary örän mylakatly, güler ýüzli. Şäher gadymy şäherlerden bolsa-da, şu wagtam gurulmagyny, gözelleşmegini dowam etdirýär. Şäheriň merkezi böleginde- de gurluşyk kranlary görünýär. Şäher arassa, çaşyp ýatan zibil görmedik. XII asyrda gurlan ymaratlaryň şu wagtam hereket edýänleri, ulanylýanlary bar, olaryň diwarynda haçan gurlandygyny, haýsy wagtda düýpli abatlanandygyny görkezýän ýazgylar bar, ýadygärlikler örän kän, şäheriň daş düşelen köçelerinde, büdür-südürdigi zerarly, pyýada ýöremek kynrak, ýöne taryhy wakalara şaýat köçelerden peýwagtyňa ýöremegiň hem özboluşly lezzeti bar. Ýadyňa okan kitaplaryňdaky wakalar düşýär. Dükanlar kän, kafeteriler ondanam kän. Metrosynda kitap okaýanlar görünýär, dogry, kitaplar elektron görnüşde.

Ýene-de Brýusseldäki aýratynlyklaryň biri barasynda gürrüň berdiler. Hususy awtoulag edinýän adam, hemme ýerde bolşy ýaly, ulagyna döwlet belgisini alýar. Diňe şu ýerde awtoulagyň eýesine iki däl-de, bir belgi berýärler. Ikinjisini onuň özi pul töläp (25 ýewro), keseden birine ýasatmaly eken. Munuň sebäbini döwlet şeýtmek bilen hususyýetçini goldaýar diýip düşündirdiler. Ýogsa-da, pul töläp ýasadan belgiň hemişelik özüňde galýar. Ulagyňy çalyşsaň-da, şol öňki belgiň özüňde galdyrylýan eken. Bardy-geldi ulagyňy satyp, soň ulag edinmeseň, şol belgiňi hökman hasapdan öçürtmeli, ýogsam, her ýyl transport salgydyny tölemeli bolarsyň. Düzgün şeýle.

Brýusselde awtoulagyňa döwlet belgisini alman, onuň ýerine gowy görýän atyň, itiň... adyny ýazdyryp, şony hem belgi hökmünde hasaba aldyryp, ulag sürüp bolýar. Ýöne munuň üçin belli bir kesgitlenen möçberde pul tölemeli, aýdyşlaryna görä, şeýle «özboluşlylygyň» bahasy 400-500 ýewro töweregi bolýar. Özi-de bardy-geldi belginiň birini ýitirseň ýa ogurlatsaň, seniň özüň günäkär. Ýa ýene-de pul töläp, täzesini ýasadýarsyň, ýa-da illeriňki ýaly, adaty belgi almaly bolarsyň.

«Brýussel sowukdyr, ýagyş-ýagmyr kän ýagýandyr» diýdiler. Biz-ä şol ýerde bolan bäş günümizde aýratyn sowugam duýmadyk, guýup duran ýagyş- ýagmyram görmedik. Edil Aşgabadyň howasy ýaly howa boldy. Ýa Aşgabadyň mähri ol ýerlere-de öz täsirini ýetiräýýärmikä?!

Sözsoňy ýerine. Ozallar Belgiýa, Brýussel diýlende, bu ýurdy, bu şäheri bir wagt Stambulda owadan hem berk hasap edip, satyn alan halylarym arkaly göz öňüne getirmäge çalşardym. Indi Belgiýa, Brýussel diýlende, tekjeleri doly dükanlary, jykyrdaşyp gülüşýän körpeleri, çagalaryna guwanýan eneleri, kitap okaýan ýaşlary, korollaryň köşkleri, gadymy bolsa-da, şu günlerem hereket edýän örän kaşaň ybadathanalary we ýene-de köp gowy zatlary bolan döwlet, şäher göz öňüne gelýär. Iň täsirli ýeri-de, bu mekan nätanyş adamlara-da kömege gelmäge hemişe taýýar, mylakatly ilaty bolan gözel ýurt hökmünde hakydada galýar.

Şeýle ajaýyp adamlaryň ýaşaýan ýurduna baryp-gelmäge şertleri döredip beren hormatly Prezidentimize müň kerem alkyş aýdýarys.

Seýitguly GELDIÝEW, Türkmenistanyň at gazanan žurnalisti. 

Aşgabat — Brýussel — Aşgabat