milli goshun logo
Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi
Ýaşulular geňeşiniň mejlisi geçirildi
11.12.2024 203 Habarlar

Düýn – 10-njy dekabrda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň hem-de Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň ýanyndaky Ýaşulular geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde kesgitlenen wezipeleri ýerine ýetirmegiň meselelerine, welaýatlarda alnyp barylýan işleriň ýagdaýyna garaldy.

Ýaşuly nesilleri sylamak, eliňden gelse zyýapat etmek, hiç bolmanda, ýagşy söz bilen göwnüni götermek belent adamkärçilikden nyşandyr. Häzirki wagtda ýaşulularyň baý durmuş tejribesi ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemek, milli däp-dessurlary berjaý etmek, agzybirligi, asudalygy berkitmek meseleleriniň ähmiýetine ünsi çekip, Gahryman Arkadagymyz bu asylly kadalaryň dowamat-dowam bolmagynyň türkmen halkynyň asyrlary nazarlaýan ýoluna ýagtylyk çaýýandygyny, ilimize rysgal-bereket bagyşlaýandygyny nygtady.