Düýn – 23-nji ýanwarda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky ýaşaýyş jaý toplumynyň binalarynyň nobatdaky tapgyrynyň açylmagy harby we hukuk goraýjy edaralaryň gullukçylarynyň hem-de işgärleriniň ýaşaýyş, gulluk şertlerini gowulandyrmak barada döwletimiziň edýän aladasynyň netijesidir.
Ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasynda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, bu alada mynasyp jogap bermek mukaddes borçdur. Dabaranyň dowamynda bu döwrebap binany gurmakda has tapawutly zähmet çeken gurluşykçylara hormatly Prezidentimiziň adyndan sowgatlar, täze jaýlardan öý alan maşgalalara bolsa açarlar gowşuryldy.
Iki gatly, döwrebap kottej jaýlaryň her biri bäş otagdan ybaratdyr. Bularda ýaşaýyş üçin ýokary derejeli amatlyklar döredilipdir.