«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýatdan çykmajak şanly pursatlarynda Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde hormatly Prezidentimiziň Kararyna laýyklykda, ulag we kommunikasiýa toplumyna degişli edaralaryň işgärleri üçin has oňaýly durmuş şertlerini döretmek maksady bilen gurlan ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy boldy. Munuň özi kenarýaka şäheriň binagärlik görküne görk goşup, Halkara Bitaraplyk gününe we hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllyk toýuna özboluşly baýramçylyk sowgady boldy.
Ulag we kommunikasiýa toplumynyň Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäherindäki edaradyr kärhanalarynda zähmet çekýän hünärmenleriniň maşgalalarynyň her biriniň 60 hojalyga niýetlenen, 4 gatly 5 sany ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaýlaryna eýe bolmaklary ýurdumyzda adam hakyndaky aladanyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.