milli goshun logo
Ýaş Watan goragçylarynyň üstünligi
Ýaş Watan goragçylarynyň üstünligi
16.11.2018 2201 Habarlar | Harby özgertmeler

Biz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň tagallasy bilen uly ösüşleriň, öňegidişlikleriň şaýady bolýarys. Hormatly Belent Serkerdebaşymyz ýurdumyzyň ösmeginde we özgermeginde ýaşlara has uly ynam bildirip: «Ýaşlar Watanymyzyň güýji, kuwwaty, abraý-mertebesi hem-de beýik geljegidir» diýip belleýär. Hawa, ýaş nesil Watan geljegidir. Ýurdumyzda ýaşlar syýasatyny üstünlikli alyp barmak üçin, 1991-nji ýylyň 16-njy noýabryndan bäri Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy hereket edýär. Gurama dürli ugurlardan ukyp-başarnygy bolan aýratyn ýaşlary özünde jemleýär. Şunuň bilen bir hatarda, şeýle ýaşlary ýylyň ýylyna «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglaýar.

Ine, bu ýyl hem Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň döredilen gününiň öňüsyrasynda  edebiýatda, sungatda, medeniýetde, oba hojalygynda, ylymda, tehnikada, sportda, saglygy goraýyşda, bilim we terbiýeçilik işlerinde gazanan üstünlikleri we alnyp barylýan içeri we daşary syýasaty, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň taryhy ähmiýetini halkymyzyň arasynda wagyz-nesihat etmekde ýokary döredijilik başarnygyny görkezen ýaşlary «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen at bilen sylaglamak dabarasy boldy.

Şeýle ýaşlaryň arasynda milli goşunymyzyň harby gullukçylarynyň bolmagy has-da buýsandyryjydyr. Ýagny, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Harby institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Kerim Baýgeldiýew, Harby-deňiz institutynyň 4-nji ýyl harby talyby Röwşen Çaryýew, şeýle hem şu ýylyň güýz möwsüminde çagyryş boýunça harby gulluga çagyrylan ýaş esger Ýusup Sähetmyradow dagylar «Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi» diýen adyň eýesi boldular we olara degişli şahadatnama, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy.

Bu serpaý diňe bir ady agzalan Watan ogullarynyň üstünligi däl, eýsem, tutuş Watan goragçylarynyň gazanan üstünligidir. Şeýle tolgundyryjy waka olaryň kalplarynda Watana, il-güne, hormatly Belent Serkerdebaşymyza bolan buýsanç duýgularyny goşalandyrýar. Olar geljekde hem Watan asudalygynyň goragynda hüşgär durup, ony gözleriniň göreji deýin gorarlar. Bu hormata mynasyp bolan Watan goragçylarymyz ujypsyzja zähmetlerine berlen uly sylag üçin hormatly Belent Serkerdebaşymyza hoşallyklaryny bildirdiler we çäksiz alkyşlaryny aýtdylar.

«Milli goşun»