milli goshun logo
Ýanwar aýyndaky milli baýramçylyklarymyz we geçiriljek medeni çäreler
Ýanwar aýyndaky milli baýramçylyklarymyz we geçiriljek medeni çäreler
05.01.2019 1008 Habarlar

2019-njy ýylyň 1 — 10-njy ýanwary aralygynda Söwda-senagat edarasynda, «Älem» medeni-dynç alyş merkezinde, «Aşgabat» myhmanhanasynda hem-de welaýatlarda Täze ýyl mynasybetli dabaralar geçirilýär. Gökderedäki we ýurdumyzyň ähli sebitlerindäki çagalar sagaldyş merkezlerinde mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş möwsüminde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, dynç alýan körpeler üçin aýdym-sazly çykyşlar, sport-sagaldyş çäreleri hem-de birnäçe gyzykly bäsleşikler meýilleşdirildi. Ýurdumyzyň teatrlarynda, kinoteatrlarynda, kinokonsert merkezlerinde, Döwlet sirkinde baýramçylyk çykyşlary guralýar.

5-nji ýanwarda ýaş zehinlere Gulbaba adyndaky baýragy gowşurmak dabarasy bolar.

9-njy ýanwarda Mary welaýatynyň Baýramaly şäherinde polietilen we polipropilen önümleri öndürilýän kärhananyň hem-de ýylda 500 tonna gök we bakja önümlerini öndürmäge niýetlenen ýyladyşhananyň açylyşy bolar.

Şol gün Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde we ýurdumyzyň welaýat merkezlerinde «Türkmenistan — rowaçlygyň Watany» diýlip yglan edilen 2019-njy ýylyň maksatnamasynyň çäklerinde geçiriljek çärelere badalga berler.

14-nji ýanwarda Döwlet çeperçilik akademiýasynda «Gujurly ýaşlar» atly döredijilik sergisi we ylmy-amaly maslahat geçiriler.

27-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününe bagyşlanan dabaraly çäreler bolar.