milli goshun logo
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
«Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
09.09.2024 96 Habarlar

Şenbe güni – 7-nji sentýabrda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» aýdym-saz merkezinde «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.

Ýaş zehinleriň arasynda meşhur bolan döredijilik bäsleşigi Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşiginiň çäklerinde ýurdumyzyň Garaşsyzlyk baýramynyň öňüsyrasynda her ýyl geçirilýär.

Ýaş aýdymçylaryň 14-si «Ýaňlan, Diýarym!» telebäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda çykyş etdiler. Aýdym-saz baýramçylygy tamamlanandan soňra, bäsleşigiň jemi jemlenilip, ýeňijiler yglan edildi. Olara ýörite diplomlar hem-de Türkmenistanyň Prezidentiniň altyn zynjyry gowşuryldy.