milli goshun logo
Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumy
Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumy
24.01.2025 121 Habarlar | Harby özgertmeler

Düýn – 23-nji ýanwarda paýtagtymyzyň Bagtyýarlyk etrabynyň Çoganly ýaşaýyş toplumynda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň ýanyndaky Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze binalar toplumynyň açylyş dabarasy boldy.

Dabara gatnaşyjylar Ýangyn howpsuzlygy müdirliginiň täze edara binasy bilen tanyşdylar. Onuň merkezi ýangyn aragatnaşyk-wideogözegçilik nokadynda ýaş hünärmen döwrebap tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan otagyň işleýşi barada gürrüň berdi. Aragatnaşyk-wideogözegçilik nokadynda sanly ulgam bilen utgaşyklylykda diňe bir tebigy çäkler däl, eýsem, ýaşaýyş jaýlary, beýleki ähmiýetli desgalar hem göni aragatnaşykda gözegçilikde saklanýar.

Täze binada gulluk-iş maksatlary üçin ähli amatlyklar göz öňünde tutulypdyr. Bu ýerde synag meýdançasy, ýerasty suw howuzlary, synag beketleri, tehniki beket, ýangyna garşy we suwarma howdany, basdyrmaly awtoduralgalar bar. Toplumyň gurluşygy «Dor bedew» hojalyk jemgyýeti tarapyndan ýerine ýetirilipdir.