milli goshun logo
Welosiped sportuny wagyz etmekde Türkmenistanyň tejribesi Ginnesiň rekordlar kitabynda
Welosiped sportuny wagyz etmekde Türkmenistanyň tejribesi Ginnesiň rekordlar kitabynda
04.06.2018 1175 Habarlar | Sport

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Bütindünýä welosiped gününi esaslandyrmak hakynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň Rezolýusiýasynyň kabul edilmegi netijesinde dünýäniň sport, jemgyýetçilik hem-de habarlar toparlarynyň sagdyn durmuş ýörelgelerini, hususan-da, welosiped sportuny wagyz etmekde ýurdumyzyň tejribesine we türkmen Lideriniň şunda eýeleýän ornuna, şeýle hem geçirilýän degişli çärelere gyzyklanmalary has-da artdy. Ilkinji gezek bellenilýän Bütindünýä welosiped gününiň öňüsyrasynda, 1-nji iýunda döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi tarapyndan paýtagtymyzdaky köpugurly “Aşgabat” stadionynda welosport boýunça köpçülikleýin türgenleşik sapagy geçirildi, ony Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri welosport boýunça dünýäde guralan iň köpçülikleýin wagyz okuw türgenleşigi hökmünde hasaba aldylar.

Giň möçberli welosiped çäresine 3 müň 246 adam gatnaşdy, ýygnananlar okuw-türgenleşik sapagynyň barşynda welosiped sürmekde türgenleşdiler, ulagyň bu görnüşiniň häzirki zaman logistika şertlerinde eýeleýän orny barada maglumatlary hem-de şäherleriň köçelerinde welosipedi howpsuz sürmegiň kadalaryny özleşdirdiler.

Bu çäre Türkmenistanda ýörelgä öwrülýän meýilleriň ajaýyp beýanyna öwrüldi, şäheriň ýaşaýjylary has peýdaly we ekologiýa taýdan amatly welosipedden peýdalanmagy maksadalaýyk hasaplaýarlar.

Türkmenistanda şeýle meýilleriň ösmegi daşary ýurt kompaniýalarynyň ençemesiniň ünsüni çekdi, olar şäherlerde welosiped ulagynyň düzümlerini ösdürmek bilen meşgullanýarlar. Fransiýanyň “SMOOVE” kompaniýasynyň wekilleri Aşgabatda hem-de "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda welosipedleri kärendä ulanmaga bermegiň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny ornaşdyrmagyň mümkinçilikleri bilen tanyşdylar. Olaryň pikirine görä, biziň ýurdumyzda welosiped sürmek üçin döredilen örän oňat şertler welosipedçileriň howpsuzlyk kadalaryna we şäherleriň ýol düzümlerine kybap gelýär.

Myhmanlaryň belleýişleri ýaly, häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda sport köpçülikleýin häsiýete eýe bolup, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň baş nyşanyna öwrülýär. Welosport hem türkmenistanlylaryň durmuşynda aýratyn orun eýeledi, ähli ýaşdaky adamlar üçin elýeterli bolan ulagyň bu görnüşi saglyk üçin örän uly ähmiýete eýedir hem-de beden taýdan taplanmaga ýardam berýär.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde 3-nji iýuny Bütindünýä welosiped güni diýip yglan etmek hakynda Rezolýusiýanyň kabul edilmegi sport we bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmek, jemgyýetde ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, bu ulgamda döwletleriň hem-de halklaryň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça Türkmenistanyň eýeleýän öňdebaryjy ornuna dünýä bileleşiginiň ýokary baha berýändiginiň subutnamasydyr.

Döwlet Baştutanymyzyň sporta, ozaly bilen ynsan saglygyny berkitmegiň iň gowy serişdesi hökmünde aýratyn uly üns bermegi milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli geçirilýän durmuş syýasatynda öz beýanyny tapýar, durmuşyň hiliniň ýokarlandyrylmagy, sagdyn hem-de belent ruhly nesli terbiýeläp ýetişdirmek üçin ähli şertleriň döredilmegi bu syýasatyň baş wezipesidir.

Geçen ýylyň sentýabr aýynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň ägirt uly üstünlik bilen geçirilen Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde häzirki zaman ýapyk welotregi bina edildi. Onuň welosiped ýodajyklary ähli ölçegler boýunça degişli halkara standartlara hem-de şunuň ýaly desgalara bildirilýän häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelýär.

Bu ýerde döredilen şertler iri halkara ýaryşlaryny, şol sanda dünýä çempionatlaryny guramaga mümkinçilik berýär. Welosiped toplumynyň çäginde ähli zerur düzümler — 6 müň orunlyk tomaşaçylar münberi, türgenler we tälimçiler, tehniki hem-de hyzmat ediş işgärleri üçin ýörite otaglar göz öňünde tutuldy.

Şeýlelikde, Olimpiýa şäherçesiniň binýadynda ýapyk welotregiň işe girizilmegi milli welosiped sporty hereketiniň taryhynda täze sahypany açdy, şunuň ýaly desga Türkmenistanda ilkinji gezek guruldy. Bu desganyň hiline diňe bir milli derejeli ýaryşlara hem-de “Aşgabat 2017” oýunlaryna gatnaşyjylar däl-de, welosipedçileriň Halkara birleşiginiň hünärmenleri hem ýokary baha berdiler we bu ýerde 2019-njy ýylda dünýä çempionatyny guramaga gyzyklanmalaryny beýan etdiler.

Ýurdumyzda geçirilmegi asylly däbe öwrülen “Sagdynlyk we bagtyýarlyk” şygary bilen guralýan bedenterbiýe-sport hem-de jemgyýetçilik-medeni çäräniň çäklerindäki welosiped boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ozal görlüp-eşidilmedik gerime hem-de okgunly häsiýete eýe boldy.

Adam saglygyny, ozaly bilen bolsa, ösüp gelýän ýaş nesil hakdaky aladany döwlet ähmiýetli ilkinji wezipe hökmünde yglan eden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketiniň hem-de ýokary netijeli sportuň ösdürilmegine guramaçylykly we okgunly häsiýet berdi. Ýurdumyzda geçirilýän giň möçberli welosiped ýaryşlary we çäreleri ýaşlaryň barha köpsanlysyny sportuň bu görnüşi bilen meşgullanmaga çekýär, bu çäreleriň ägirt uly gerimi bolsa türkmenistanlylarda sport döwleti hökmünde abraýyny artdyrýan ata Watanymyza belent buýsanç duýgusyny döredýär.