milli goshun logo
WATANYMYZYŇ KUWWATYNY ALAMATLANDYRÝAN DABARA
WATANYMYZYŇ KUWWATYNY ALAMATLANDYRÝAN DABARA
27.09.2022 1671 Harby özgertmeler

Garaşsyzlyk baýramy diýlende hemmeleriň göz öňünde dabaraly harby ýöriş janlanýar. Çünki bu dabaraly çäre her ýyl baş baýramçylygymyza aýratyn öwüşgin çaýýar. Her birimiz bu şanly günde mawy ekran arkaly göni ýaýlymda bu ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilýän dabara tomaşa etmek üçin sabyrsyzlyk bilen garaşýarys. Döwlet münberiniň öňündäki meýdançada guralýan dabaraly harby ýöriş uludan-kiçä hemmeleriň kalbynda buýsanç duýgusyny oýarýar. Watanymyzyň kuwwatyna buýsanmak iň aňrybaş lezzet dälmidir eýse?!

«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda bellenilýän Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 31 ýyllyk baýramynyň şowhuny hem dabaraly harby ýöriş bilen has-da artdy. Çünki dabaraly harby ýöriş diňe bir baýramçylyk çäresi bolman, ol Watanymyzyň sarsmaz galasy bolan merdana ärleriň dogmuny şöhlelendirýän, harby tehnikalaryň kuwwatyny açyp görkezýän, Türkmenistanyň her bir ugurda gazanýan üstünliklerini alamatlandyrýan aýratyn mana eýe bolan dabaradyr. Şonuň üçin hem bu dabara her bir türkmenistanlyny buýsandyrýar, guwandyrýar, kalbynda öçmejek duýgy döredýär.

 Has köp suratlary «Multimedia» bölümimizde görüp bilersiňsiz!

«Milli goşun»