milli goshun logo
«Watançy»  hokkeý topary finalda
«Watançy» hokkeý topary finalda
11.12.2018 1604 Habarlar | Sport

2012-nji ýylyň 12-nji aprelinde döredilen Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Watançy» hokkeý topary ministrligiň şahsy düzüminiň diňe bir Watan goragy ýaly mukaddes borjy ýerine ýetirmek bilen çäklenmän, ýurdumyzyň sport abraýynyň has-da artmagyna öz goşandyny goşýandygynyň subutnamasydyr.

Toparyň döredilenine kän wagt bolmadygam bolsa, hokkeý boýunça geçirilýän ýurdumyzyň çempionatlarynda, kubok ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip gelýär. Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli şu ýylyň 5-11-nji dekabry aralygynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Kubogyny almak ugrundaky ýaryşda hem «Watançy» hokkeý topary finala çenli mynasyp oýnuny görkezip geldi. Şu gün hem ýaryşyň finaly 17:00-da badalga alar. Final Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň «Watançy» hokkeý topary bilen Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň «Galkan» hokkeý toparynyň arasynda bolar. Biz hem «Watançy» hokkeý toparymyza finalda uly üstünlikleri, arzyly kubogyň eýesi bolmagyny arzuw edýäris!

 

«Milli goşun»