milli goshun logo
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanylmaga berildi
Watan goragçylarynyň güni mynasybetli täze binalar açylyp ulanylmaga berildi
23.01.2024 696 Habarlar

Düýn – 22-nji ýanwarda Watan goragçylarynyň gününiň öň ýanynda Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Mary welaýatynyň Mary şäherinde ýerleşýän harby bölüminiň harby gullukçylar niýetlenen täze, döwrebap binalary açylyp ulanylmaga berildi. Harby gullukçylary buýsandyran bu dabaraly çärä serkerdeler, çagyryş boýunça harby gullukçylar, harby okuwçylar hem-de harby aýdym-saz toparlary gatnaşdylar.

Dabaranyň geçirilýän ýerinde ak öýleriň gurnalyp, onuň töwereginde bagşy-sazandalaryň dutar-gyjak ýaly milli saz gurallarymyzda aýdym-sazlary ýerine ýetirmekleri wakanyň ähmiýetini artdyrdy. Bagtyýar çagalaryň türkmen alabaý itleri bilen oýnaýan pursatlaryny synlanyňda, halkymyzyň gadymdan gelýän däp-dessurlarynyň mynasyp dowam etdirilýändigini görmek bolýar.

Täze lukmançylyk nokadynyň binasynda sanly ulgamyň mümkinçiliklerine esaslanýan häzirki zaman enjamlar ornaşdyrylandyr. Bu bolsa harby gullukçylaryň we olaryň maşgala agzalarynyň, çagyryş boýunça harby gullukçylaryň saglygyny bejertmeklerine, asuda Watanymyzyň goragçylarynyň öz saglygyny yzygiderli berkitmeklerine mümkinçilik döreder.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe açylan täze lukmançylyk nokady harby gullukçylaryň mukaddes borçlaryny birkemsiz ýerine ýetirmekleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň edýän aladalarynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.