milli goshun logo
Üstünligimi milli goşunyma bagyşlaýaryn!
Üstünligimi milli goşunyma bagyşlaýaryn!
18.09.2018 987 Habarlar | Sport

2018-nji ýylyň 9–15-nji sentýabry aralygynda gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça «Amul–Hazar 2018» halkara awtorallisi üstünlikli geçirildi. Gadymy Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça bu halkara ýaryşyny geçirmek başlangyjy, hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň kämil paýhasyna degişlidir.

Hemmämize mälim bolşy ýaly, bu halkara derejeli awtoralli bäsleşigi gadymy Amuldan badalga alyp, ýaryşyň pellehanasy Hazaryň gözel kenary boldy. Bäsleşigiň jemi «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda jemlendi.

Bu halkara awtorallisine dünýäniň 20-den gowrak döwletinden 80-den gowrak sport awtoulagy gatnaşdy. Ol awtoulaglaryň her birisiniň degişlilikdäki düzümini hasaba alsaň, onda bu çäräniň dostluk babatdaky hyzmatyna has ýokary baha berip bolar. Türkmenistandan dürli toparlarda ekipažlaryň 15-si çykyş etdi. Ýaş türkmen toparynyň agzalary oňat netijeleri görkezdiler hem-de ynam bilen ýeňiş ugrunda bäsleşdiler.

Umumy uzynlygy 1571 km-e barabar bolan «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisinde kesgitlenen 4 tapgyr boýunça tapgyrma-tapgyr geçirildi. Ýaryşyň kesgitlenen ugrunda – Garagumyň jümmüşinde, ajaýyp türkmen sährasynda gurulan 4 sany düşelgede düşlän daşary ýurtly türgenler bilen bir hatarda, hut özümiziň hem kalbymyzy türkmen tebigatynyň haýran galdyryjy täsinlikleriniň – Garagum ýalkymynyň, Altyn asyr türkmen kölüniň ajaýyplyklarynyň, Gyzylgaýanyň al öwsüp duran gaýalarynyň haýrana goýandygyny buýsanç bilen beýan etmek isleýärin.

«Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisi diýseň gyzykly hem çekeleşikli geçdi. Biz özümiziň bäsdeşlerimiziň halkara derejeli şeýle ýaryşlaryň ençemesinde ýeterlik tejribe toplan türgenlerdigini örän gowy bilýärdik. Bu ýaryş hut şol sebäpli-de biziň üçin gyzyklydy.

Çünki islendik görnüşli ýaryşa mahsus zat oňa gatnaşýanlaryň her biriniň gursagynda ýeňiji bolmak islegi möwç urýar. Şol biserhet hyjuwlar bolsa, garagum sährasynyň haýrana goýujy gözellikleri bilen bir hatarda, ýeňip geçmesi örän uly kynçylyk döredýän päsgelçiliklerinden hem üstün çykmaga badalga berdi.

Hut şonuň üçin hem, bir tarapdan, ýeňil bolmadyk menzilleri söküp, ähli çöl kynçylyklaryna döz gelip arzyly pellehana gelen her bir türgeni, her bir ekipažy özboluşly ýeňiji hasaplap bolar. Olar «Amul–Hazar 2018» halkara awtorallisine badalga berilmeginiň öňüsyrasyndaky tolgunmalaryny ýeňip geçdiler. Munuň özi bolsa, eýýäm, olaryň her biriniň örän uly başarnyklarynyň bardygyna şaýatlyk edýär.

Umumy netije boýunça ähli ýurtlaryň tejribesi ýetik türgenleri bilen bir hatarda Türkmenistan döwletimiziň awtoralli ekipažy hem ýokary netijeleri görkezip, sport jemgyýetiniň ýokary bahalaryna mynasyp boldy. Sebäbi awtoralla gatnaşyjy toparlaryň ählisi-de ozaldan kämillige ýeten toparlar. Ýaryşyň T-1 görnüşinden umumy netije boýunça ispaniýaly, çehiýaly türgenleriň toparlaryndan soň 3-nji orny eýelemegi başardyk.

Ynha şu gün bolsa, Hormatly Belent Serkerdebaşymyz biziň ýeňşimize mynasyp baha berip, ýeňiji bolan türgenlere özüniň şa serpaýyny – täze awtoulaglaryň açarlaryny gowşurdy. Gahryman Arkadagymyzyň şa serpaýyna mynasyp bolmak bagty maňa hem miýesser etdi. Munuň üçin Hormatly Belent Serkerdebaşymyza çäksiz alkyş aýdýarys!

Hormatly Belent Serkerdebaşymyzyň şahsy göreldesine, tutanýerlilik ýörelgesine eýermek bilen, biz dünýäde tejribeli saýylýan türgenleriň arasynda baýrakly orunlara mynasyp bolmagy başardyk. Çünki Gahryman Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, merdana türkmen türgenlerine hemişe ýeňişler hemra bolmalydyr.

Watançylyk kasamy – biz üçin wepalylyk ähtidir. «Amul – Hazar 2018» halkara awtorallisine gatnaşyp baýrakly oruna mynasyp bolandygyma buýsanyp, berkarar Watanymyza, mähriban halkymyza eden watançylyk kasamymyza hemişe wepaly boljakdygymyza, ýurt goran gerçeklerimiziň söweşjeň däplerini, watansöýüjiligini we edermenligini mynasyp dowam etdirjekdigimize şu taryhy günde Hormatly Belent Serkerdebaşymyzy ynandyrýarys.

Gaýgysyz Akmyradow, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň awtoulag müdirliginiň serkerdesi.