milli goshun logo
Uruş weteranlaryna tagzym
Uruş weteranlaryna tagzym
07.05.2020 1603 Harby özgertmeler

Beýik Ýeňşiň şanly 75 ýyllygyna döredilen medal ýurdumyzda Watan gerçekleriniň sarpasynyň ýyl geçdigiçe ýokarlanýandygyndan nyşandyr. Bu medallar her welaýatda tapgyrma-tapgyr gowşurylýar. Mary welaýatynyň uruş weteranlary, olaryň ýanýoldaşlary, uruş ýyllarynyň tyl zähmetkeşleriniň ençemesi ýubileý medallary bilen sylaglandylar.

Medal gowşurmak dabarasyndan soň, maryly weteranlar bilen geçirilen duşuşyklar terbiýeçilik ähmiýetliligi bilen ýatda galdy. Her gezekki duşuşyklarda bolşy ýaly, ýagty günler üçin göreşen gerçekler häzirki bagtyýar zamanamyza buýsanyp ýaşaýandygyny aýdýarlar. Harby gullukçylarymyza Gahryman Arkadagly Diýarymyzyň goragynda sak durup gulluk etmelidiklerini sargyt edýärler. Biziň bagtly geljegimiz üçin şirin janyny gaýgyrman, söweş meýdanynda gahrymanlarça söweşen gerçeklere, uruş weteranlarymyza tagzym edip, başymyzy egýäris.

Çäräniň suratlaryny «Multimediýa» bölümimizden görüp bilersiňiz.

«Milli goşun».