Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilýän
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji
maslahatynyň çäklerinde «Hereketleriň maksatnamalaryny milli syýasatlara
ornaşdyrmagyň strategiýalaryny hem-de arabaglanyşygy we hyzmatdaşlygy üpjün
etmek boýunça ösüş meýilnamalaryny öwrenmek» mowzugy bilen DÇBÖBD boýunça milli
utgaşdyryjylaryň hem-de BMG-niň hemişelik utgaşdyryjylarynyň duşuşygy boldy.
Duşuşygyň maksady bu döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan
meselelerini çözmekde hyzmatdaşlygy ösdürmäge, bu ugurda alnyp barylýan işleriň
netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirildi.
Çykyşlarda milli derejede ileri tutulýan ugurlar bilen
halkara borçnamalaryň arasyndaky sazlaşygy üpjün etmegiň ähmiýeti bellenildi.
Hususan-da, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny milli ösüş strategiýalaryna
ornaşdyrmagyň möhümdigi we bu ugurda milli utgaşdyryjylaryň öňünde durýan
wezipeler barada aýdyldy.