milli goshun logo
Awazada Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy boldy
Awazada Zenan ýolbaşçylaryň duşuşygy boldy
19 sagat öň 24 Habarlar

Şu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde zenan ýolbaşçylaryň «Ygrarlylykdan özgertmelere: deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny ilerledýän zenanlar» atly duşuşygy geçirildi. Oňa deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň parlamentleriniň, halkara we jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.

BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, az derejede ösen, deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler hem-de kiçi ada döwletler boýunça Ýokary wekili Rabab Fatima forumyň ýokary guramaçylyk derejesi üçin türkmen tarapyna hoşallyk bildirip, şu günki duşuşygyň tejribe alyşmak, çözgütleri işläp taýýarlamak, hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin özboluşly meýdança bolup durýandygyny belledi.

Hanym Rabab Fatima Hereketleriň Awaza maksatnamasynda gender deňligini üpjün etmek boýunça wezipeleriň göz öňünde tutulandygyny we olaryň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň DÇBÖBD-de zenanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini oňyn çözmäge ýardam berjekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň dünýäniň döwletleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürýändigine ünsi çekip, munuň öňdebaryjy tejribäni alyşmaga, halkara gatnaşyklarda ýaşlaryň we zenanlaryň eýeleýän ornuny has-da pugtalandyrmaga ýardam berýändigini aýtdy.

Özbegistanyň Oliý Majlisiniň Senatynyň Başlygy Tanzila Narbaýewa şu forumyň Türkmenistanda geçirilmeginiň aýratyn many-mazmuna eýedigini nygtap, diňe bir Türkmenistanyň zenanlarynyň däl, eýsem, tutuş Merkezi Aziýanyň zenanlarynyň mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek meselesine berýän hemişelik ünsi we goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.

Katar Döwletiniň Daşary işler ministrliginiň halkara hyzmatdaşlyk boýunça döwlet sekretary Marýam bint Ali Al-Misned bildirilen myhmansöýerlik üçin Türkmenistanyň Hökümetine we halkyna hoşallygyny beýan etdi hem-de şu günki forumyň geçirilmeginiň deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletlerde zenanlaryň ýüzbe-ýüz bolýan meselelerini çözmek üçin tagallalaryň birleşdirilýändiginiň subutnamasy bolandygyny aýtdy.

Parlamentara Birleşigiň Ýerine ýetiriji komitetiniň wise-prezidenti Sewil Mikailowa çözgütleri kabul etmek işinde zenanlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine döwlet dolandyryşyny pugtalandyrmagyň, syýasatyň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, ösüşiň inklýuziw netijelerini gazanmagyň synagdan geçen strategiýasy bolup durýandygyny belledi.

BMG-niň Ösüş maksatnamasynyň Ýewropa we GDA ýurtlary boýunça sebitleýin býurosynyň direktory Iwana Žiwkowiç bu çäräni guraýandygy üçin Türkmenistanyň Hökümetine hoşallyk bildirip, Hereketleriň Awaza maksatnamasyny durmuşa geçirmekde zenanlaryň ähmiýetli ornuny belledi.

Soňra çykyş etmek üçin Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-prezidenti Oguljahan Atabaýewa söz berildi. Oguljahan Atabaýewa hemmeleri «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda mähirli mübärekläp, bu gün BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde örän möhüm maksat üçin jemlenendiklerini aýtdy.

Forumyň netijeleri boýunça Jemleýji resminama kabul edildi.