Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahaty öz işini
plenar mejlislerde dowam etdi.
Ozal habar berlişi ýaly, Hazaryň türkmen kenarynda döwlet
we Hökümet Baştutanlaryny, halkara guramalaryň ýolbaşçylaryny, iri
kompaniýalaryň, raýat jemgyýetiniň wekillerini jemlän forumy geçirmegiň maksady
DÇBÖBD-niň geografik ýerleşişi bilen baglylykda ýüzbe-ýüz bolýan
bökdençliklerini aradan aýyrmaga mümkinçilik berjek netijeli gurallary işläp taýýarlamakdan
ybaratdyr. Şunuň bilen baglylykda, forumyň ikinji gününde dünýä bazarlarynyň
elýetersizligi sebäpli, DÇBÖBD-niň durmuş-ykdysady taýdan mundan beýläk-de
ösmegine päsgel berýän bökdençlikleri aradan aýyrmagyň mümkinçilikleri ara
alnyp maslahatlaşyldy.
Çykyşlarda DÇBÖBD-niň bähbitlerini nazara almak bilen
ýurtlaryň Hereketleriň Awaza maksatnamasyny goldamaga, öňde goýlan maksatlara
ýetmek üçin köptaraply hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak babatda dünýä bileleşiginiň
tagallalaryny birleşdirmek işine goşulmaga taýýardygy tassyklanyldy.
Plenar mejlislerde bellenilişi ýaly, geljek on ýyl üçin
Hereketleriň Awaza maksatnamasy milli derejede kabul ediljek çäreleri, sebit
hyzmatdaşlygyny ösdürmek boýunça tagallalary hem-de deňze çykalgasy bolmadyk
ösüp barýan döwletleriň durnukly ösüş ýoly bilen ynamly öňe gitmegine
gönükdirilen strategiýany öz içine alýar. Nygtalyşy ýaly, bu maksatnama deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler üçin ösüşiň täze mümkinçilikleri
babatda geljege gönükdirilen «ýol kartasyna» öwrülmelidir.